Ýetip gelýän Täze ̶ 2026-njy ýyl mynasybetli «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde türkmen ussat gelin-gyzlarynyň halk döredijiliginiň nepis el işleriniň sergisi boldy. Serginiň esasy temasy Täze ýyl baýramy mynasybetli taýýarlanan gurjaklar we oýunjaklardyr. Sergä ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ussat zenanlar gatnaşdy. Hususan-da, Balkanabatdan Täzegül Udaýewa milli gurjaklaryň, Mary welaýatyndan Marina Lopatina bolsa miniatýura önümleriniň toplumyny getirdi.

– Türkmenistanda amaly-haşam sungatynyň görnükli ösüşe eýe bolýandygyny duýmak bizi begendirýär – diýip, serginiň guramaçysy Gulýa Kurbanowa aýdýar. – Bu biziň zehinli we yhlasly ussat gelin-gyzlarymyzyň ajaýyp önümleri döretmeginiň netijesindedir. Ussatlar öz döredijilikleri bilen ýurdumyzyň medeni mirasyny goldaýarlar.

Her sergi üçin mahabat taýýarlanylýar we oňa bäsleşik esasynda iň gowy gurjak saýlanyp alynýar. «Gurjaklar we oýunjaklar dünýäsi» atly serginiň mahabatynda Tatýana Dworýaninowanyň işi bolan türkmen gelniniň keşbi ýerleşdirildi. Tatýana gelni, onuň gaýynenesini we iki baldyzy öz içine alýan «Çaýlaşmak» atly sergi diwarlygyny görkezdi. Türkmen däp-dessurlaryna görä, gelne iki gyz ýoldaşlyk etmeli. Eger ýigidiň öýünde gyzjagazlar bolmasa, goňşulardan haýyş edilýär. Sergidäki baldyzlaryň biri gelniň ýaşyna ýetendigini görkezýär, şonuň üçin türkmen edebi boýunça ol gözlerini aşak salyp otyr.

Maral Garaýewa, Olga Ragulina, Jahan we Şasenem Ataýewalar diňe bir milli gurjaklary görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, olary taýýarlamak bilen bagly tejribelerini hem paýlaşýarlar. Sergä gatnaşyjylaryň diwarlygynda nähili zatlar ýok diýdirjek welin – Gündogar senenamasy boýunça 2026-njy ýylyň nyşany bolan ýylkyny şekillendirýän gyzyl otly atlar, myhmanlaryň kabul edilýän ýeri – ýarysy kesilen görnüşdäki öý (rumboks) – ak öýler, rowaýatlara görä, öýe rysgal getirýän ýakymly düýejikler, ýüzsüz, ýöne aýdyň häsiýetli gurjaklar, olaryň arasynda bolsa «Altyn açar ýa-da Buratinonyň başdan geçirenleri» atly kitapdaky Malwina we Buratino gurjaklary-da bar.

Jennet Ýusupowa hünäri boýunça grafikçi: ol 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny tamamlapdyr. Amaly-haşam döredijiligi onuň güýmenjesidir. Ol arça oýunjaklaryny türkmen gözelleriniň şekilleri, ajaýyp peýzažlar, erteki gahrymanlary bilen bezeýär. Bahar Annamämmedowa gurjaklary örýär. Ol sergide Aýaz Babanyň, Garpamygyň, atlaryň gurjaklaryny görkezdi. Bahar Muhammedowa Täze ýyl mynasybetli dabaraly yşyklandyrylan çyralar boýunça ýöriteleşýär.

Natalýa Kalugina «Türkmenistan» atly sergi diwarlygyny görkezdi. Onda ahalteke bedewleri we Gündogar gaplary ýerleşdirilen alty sany sergi sütünleri bar. Bu ýerde Türkmenistanyň aýratynlyklaryna öwrülen zatlar: atlar, düýeler, alabaýlar, şeýle hem dürli küýzeler we türkmen halk ertekilerindäki gahrymanlar görkezilýär. Sergini milli nagyşly nepis magnitler gurşap alýar.
Serginiň çäklerinde çagalar üçin türkmen nagyşlarynyň böleklerini reňklemek boýunça ussatlyk sapagy guraldy.