Şu gün Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Täze ýylyň öňüsyrasyndaky däp bolan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri hasaplanýan “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegi babatda-da giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi, öz mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Diýarymyzyň iň çetki künjeklerinde-de medeniýet merkezleri, konsert meýdançalary gurlup, aýdym-saz gözden geçirilişlerine gatnaşyjylaryň çykyşlary yzygiderli guralýar.
Döredijilik bäsleşikleri ýaş zehinleriň halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetine gyzyklanmalaryny artdyrmaga şert döredýär. Ýöriteleşdirilen mekdepler, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde täze kafedralar açylýar. Şunuň bilen birlikde, her ýylda döredijilik bäsleşikleriniň, şol sanda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň, zehinli çagalaryň arasynda yglan edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi hem ýaş ýerine ýetirijileriň döredijilik başlangyçlaryna, işjeňligine itergi bermek bilen, täze zehinleri ýüze çykarmaga we goldamaga, olaryň hünär taýdan kämilleşmegine, milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas, beden taýdan sazlaşykly ösmegine degişli meseleleri aýratyn üns merkezinde saklaýar.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan şu gezekki bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz ussatlygyny görkezmek isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar. Welaýat we şäher derejesinde birnäçe saýlama tapgyrlarda geçirilen döredijilik bäsleşigine ýaş zehinleriň köpüsiniň gatnaşandygyny bellemek gerek. Deslapky tapgyrda teletomaşaçylaryň we radiodiňleýjileriň köp sanlysy iň zehinli aýdymçylara ses berdiler. Emin agzalary bäsleşige gatnaşýanlaryň içinden aýdym aýtmak, ýerine ýetirijilik babatda has tapawutlanan, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan hem-de has köp ses toplan dalaşgärleri saýlap aldylar. Olaryň birnäçesi eýýäm Türkmenistanda geçirilen dürli festiwallarda çykyş edip, ýeterlik tejribe toplan aýdymçylardyr.
Ine, bu gün bolsa bäsleşigiň jemleýji tapgyryna badalga berildi. Onuň netijeleri, esasan, tomaşaçylaryň berýän seslerine gönüden-göni baglydyr. Jemleýji tapgyra çykan aýdymçylaryň hatarynda tomaşaçylar köpçüliginiň arasynda tanalýan aýdym-saz toparlarynyň aýdymçylary, ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeňler gurnaklaryna gatnaşyjylar, oba ýerlerinden gelen, uly sahnada ilkinji gezek çykyş edýän zehinli aýdymçylar bar. Iň ökde, zehinli ýerine ýetirijiler indiki tapgyra çykmak we «Türkmen owazy» teleýaýlymy arkaly giň köpçüligiň öňünde çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldular. Bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemäge aýdym-saz sungatynyň ussatlary gatnaşdyryldy.
Eminler hökmünde teletomaşaçylardyr radiodiňleýjiler çykyş etdiler. Olar ýaş ýerine ýetirijileriň zehinine, ussatlygyna baha berip, tapawutlanan aýdymçy üçin SMS ibermek we jaň etmek arkaly ses berdiler. Giň halk köpçüliginiň bu çärä gyzyklanmasy hem-de görkezen işjeňligi onuň jemleýji tapgyryna aýdym-saz sungatynyň iň ökde wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etdi. Olardan iň tapawutlanan 10 aýdymçy jemleýji tapgyra gatnaşmaga saýlanyp alyndy. Emin agzalarynyň düzümindäki türkmen aýdym-saz sungatynyň meşhur sahna ussatlary, geçen ýyllardaky bäsleşikleriň ýeňijileri, medeniýet işgärleri, kompozitorlar, şahyrlar aýdymçylaryň çykyşlaryna baha bermek, bar bolan seslere öz sesini goşmak üçin ýygnandylar.
Bäsleşige gatnaşyjylar geljekde döredijilik ýolunda uly ähmiýete eýe boljak aýgytlaýjy pursadyň ähli jogapkärçiligini duýup, özlerini goldan tomaşaçylaryň ynamyny ödemek üçin baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada ukyp-başarnyklaryny görkezmäge çalyşdylar. Şunda gatnaşyjylar üstünlik gazanmagyň ilkinji şerti bolan ses başarnyklary bilen birlikde, sahnada özlerini alyp baryşlaryny hem görkezdiler. «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjylaryň hersi iki aýdym ýerine ýetirdiler. Olaryň biri sazsyz bolup, onda aýdymçylaryň sesiniň arassalygyna, owazyna üns berildi. Munuň özi olaryň şahsy artistlik ukybyny, tomaşaçylaryň göwnünden turmak başarnygyny ýüze çykarmaga ýardam berýär. Şunda aýdym-saz muşdaklarynyň el çarpyşmalary we diňleýjileriň hoşniýetli goldawlary sazyň ornuny tutdy. Şeýle-de bäsleşigiň dowamynda dürli žanrdaky häzirki zaman estrada we halk aýdymlary, söýgi, watançylyk aýdymlary ýaňlandy.
Aýdym-saz bäsleşigi birnäçe sagatlap dowam etdi. Oňa gatnaşan aýdymçylar birek-biregi goldap, tüýs ýürekden üstünlikleri arzuw etdiler. Gatnaşyjylaryň her bir çykyşy tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Aýdymçynyň çykyşyndan soňra, meşhur artistler öz pikirlerini beýan etdiler hem-de ýaş kärdeşlerine halypalyk maslahatlaryny berdiler. Şunuň bilen birlikde, ses berişlik hem dowam etdi.
Tomaşaçylaryň SMS arkaly iberen sesleri sanalandan soňra, alypbaryjylar bäsleşigiň jemlerini yglan etdiler we baýrak gowşurmak dabarasy boldy. Şunlukda, 2025-nji ýylda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi Göwher Hojimyradowa boldy we oňa göçme kubok hem-de gymmat bahaly sowgat gowşuryldy. Baş baýrakdan başga-da, bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutuldy. Baýrakly orunlary eýelänleriň ählisine degişli diplomlar, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan ýaş estrada we höwesjeň aýdymçylar “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglanyldy.
Milli aýdym-saz sungatynyň ussatlarynyň, halypalaryň ýaşlara döredijilikde täze üstünlikleri gazanmaklary barada aýdan arzuwlary ýaş aýdymçylary belent sepgitlere ruhlandyrdy. Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň yzygiderli üns bermegi netijesinde ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaklary, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri döwlet Baştutanymyzyň üns-aladalaryna jogap hökmünde milli medeniýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly işlere öz goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.