Ï Gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we olaryň sebäplerini aradan aýyrmakda dünýä jemgyýetçiliginiň wekilleri Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerini makulladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we olaryň sebäplerini aradan aýyrmakda dünýä jemgyýetçiliginiň wekilleri Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerini makulladylar

view-icon 920
Gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we olaryň sebäplerini aradan aýyrmakda dünýä jemgyýetçiliginiň wekilleri Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerini makulladylar

Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ýokary derejeli wekilleri – döwlet we hökümet Baştutanlary – parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegini we işiniň dowam etdirilmegini, şeýle hem gapma-garşylyklaryň öňüni almakda hem-de ynsanperwer meseleleri çözmekde bitaraplyk ýörelgeleriniň ulanylmagyny makulladylar. Bu barada forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda aýdylýar.

«2020-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen we gapma-garşylyklaryň öňüni almakda bitaraplyk ýörelgelerini amaly taýdan ulanmak, olaryň esasy sebäplerini hem-de netijelerini, ynsanperwer meseleleri çözmek we halkara gatnaşyklarynda bitaraplygy öňe sürmek boýunça köptaraply gepleşikleri alyp barmak mehanizmi hökmünde toparyň birinji ministrler duşuşygynyň jemleýji jarnamasy esasynda hereket edýän parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegini we işiniň dowam etdirilmegini gutlaýarys» diýlip, Aşgabat Jarnamasynda aýdylýar.

Wekiller, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky we 2025-nji ýylyň 21-nji martyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» baradaky Kararnamalaryny ýatlatdylar. Şu nukdaýnazardan, olar Türkmenistan tarapyndan yglan edilen we yzygiderli alyp barýan hemişelik Bitaraplyk derejesini goldaýandyklaryny tassykladylar, bu sebitleýin we dünýä derejesinde parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm faktoryna öwrüldi.

Şeýle hem 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýändigi aýratyn nygtaldy şeýle-de halklaryň arasynda ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýän konstruktiw hem-de parahatçylyk söýüji daşary syýasatyň nusgasy hökmünde görkezildi.

12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum geçirildi. Oňa Ermenistanyň, Yragyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň Prezidentleri, şeýle hem Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Pakistanyň we başga-da birnäçe döwletleriň Premýer-ministrleri gatnaşdylar.