Ï Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibine goldaw berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibine goldaw berildi

view-icon 27
Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibine goldaw berildi

Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibini Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşan döwlet hem-de hökümet Baştutanlary tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Bu goldaw forumdan soň kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda beýan edildi.

«Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletlerini ählumumy parahatçylygyň binýady hökmünde köptaraply hyzmatdaşlyk mehanizmlerini berkitmäge we Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibini goldaýandygymyzy beýan edýäris. Munuň BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen halkara hukugyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň ählumumylygyny we hökmürowanlygyny güýçlendirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň beýany boljakdygyna ynanmaga çagyrýarys» diýip, halkara resminamada nygtalýar.

Şeýle hem Aşgabat Jarnamasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy geçirendigi we hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerini yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan goşandy üçin Türkmenistanyň halkyna we Hökümetine çuňňur minnetdarlyk bildirýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirildi. Oňa Ermenistanyň, Yragyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň Prezidentleri, şeýle hem Azerbaýjanyñ, Gruziýanyñ, Pakistanyñ we başga-da birnäçe ýurduň Premýer-ministrleri gatnaşdylar.