Ï Türkmenistan bilen Ýaponiýa tehnologik hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna gadam basýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Ýaponiýa tehnologik hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna gadam basýar

view-icon 2049
Türkmenistan bilen Ýaponiýa tehnologik hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna gadam basýar

Türkmenistan bilen Ýaponiýa emeli aň we sanly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek niýetlerini resmi taýdan tassykladylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Tokiodaky iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation Machinery, Inc.» kompaniýasynyň arasyndaky Ähtnama gol çekildi.

Ýaponiýanyň işewür wekilleri bilen duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti bilelikdäki taslamalaryň ileri tutulýan ugurlaryny hem kesgitledi. Olaryň hatarynda – hojalyk we gurluşyk galyndylaryny, könelen tehnikalary, plastmassa hem-de polietileni gaýtadan işleýän zawodlaryň gurulmagy, senagatda we jemgyýetçilik hojalyklarynda gaýtadan ulanmak üçin hapa suwlary arassalamakda ýapon ulgamlaryny ornaşdyrmak, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalar babatynda Ýaponiýanyň öňdebaryjy tejribesini ulanmagy göz öňünde tutýan «ýaşyl» energetika.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň milli infrastrukturany döwrebaplaşdyrmakda özüni gowy tarapdan görkezen «Mitsubishi», «Toyota», «Mitsui» we «Sumitomo» ýaly kompaniýalaryň tehnologik çözgütlerine ýokary baha berýändigini nygtady.

Şeýle-de saparyň möhüm bölegi hökmünde Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen geçirilen duşuşykda döwletara gatnaşyklarynyň, aýratyn-da ykdysadyýetde ýokary tehnologiýalary we maglumat çözgütlerini ornaşdyrmak ulgamynda, hil taýdan täze derejä çykandygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň sapary «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gabat gelip, sammitiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary bilen bilelikde ýapon tarapy bilen strategik hem-de ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşar.