Ï Buharest şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Buharest şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

view-icon 515
Buharest şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Çärä gatnaşyjylar, bu neşiriň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen we goldawyny gazanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň taryhy tejribesini we onuň häzirki zaman ähmiýetini köptaraplaýyn düşünmegiň netijesidigini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, kitabyň Bitaraplygyň hukuk we syýasy esaslaryny, sebitleýin we global durnuklylygy üpjün etmekdäki döredijilikli ähmiýetini, Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmäge goşýan goşandyny açyp görkezýändigi bellenilip geçildi.

Çäräniň dowamynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda gazanan üstünliklerini açyp görkezýän döredijilik sergisi hem gurnaldy.

Bu çäre, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerini şöhlelendirdi.