Ï Medeniýet köprüleri: Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna bardy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet köprüleri: Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna bardy

view-icon 133
Medeniýet köprüleri: Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna bardy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen duşuşyk geçirildi.

Kitaphananyň ýolbaşçysy Laçyn Nurmuhammedowa Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanini hem-de medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasini kabul etdi. Taraplar medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Saparyň dowamynda eýranly diplomatlar kitaphananyň ýöriteleşdirilen bölümlerine bardylar. Myhmanlar pars dilindäki baý kitap toplumy, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň dünýä dillerine terjime edilen eserleri bilen tanyşdylar. Aýratyn taryhy gymmaty bolan seýrek duş gelýän gadymy golýazmalara we ilkinji çap edilen nusgalara aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda kitaphananyň gaznasyna kitaplary sowgat bermek dabarasy boldy. Ilçi Ali Mojtaba Ruzbehani hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň bozulmaz nyşany hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars dilindäki terjimesini kitaphana sowgat berdi. Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi bolsa Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkeziniň adyndan daşary ýurt edebiýaty gaznasynyň üstüni ýetirjek pars dilindäki 40-dan gowrak neşiri gowşurdy.

Guralan çäre medeniýetara gepleşikleri ösdürmekde nobatdaky ädim bolup, iki ýurduň edebi mirasyna bolan özara sarpany tassyklady.