Ï Aşgabatda G.Ibseniň eseriniň ilkinji görkezilişi, Mary welaýatynyň teatrynyň göçme çykyşlary we ganatly bedewleri wasp edýän eserleriň sergisi bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda G.Ibseniň eseriniň ilkinji görkezilişi, Mary welaýatynyň teatrynyň göçme çykyşlary we ganatly bedewleri wasp edýän eserleriň sergisi bolar

view-icon 114
Aşgabatda G.Ibseniň eseriniň ilkinji görkezilişi, Mary welaýatynyň teatrynyň göçme çykyşlary we ganatly bedewleri wasp edýän eserleriň sergisi bolar

Dynç alyş günlerinde Aşgabatda tomaşaçylaryň isleglerine laýyk dürli gyzykly çäreler bolar.

15-nji ýanwarda Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde ýylyň şygaryna bagyşlanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly sergi açyldy. Sergide tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolan ahalteke bedewlerini wasp edýän sungat eserleri görkezilýär.

15 – 16-njy ýanwarda Aşgabatda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussatlarynyň çykyşlary bolar. Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň sahnasynda «Muneçjim» atly sahna oýnunyň görkezilişi bolar.

18-nji ýanwarda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda norwegiýaly ýazyjy we dramaturg Genrik Ibseniň eseri esasynda goýlan «Gurjagyň öýi» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bolar. Sahna oýnunyň režissýory Andreý Pawlow. Esasy keşpleri Anna Hommadowa we Magtymguly Gurbanow ýerine ýetirýärler.

Paýtagtymyzyň teatrlary şeýle hem tomaşaçylara aýdym-sazly degişme agşamlaryny, komediýalary we drama oýunlary hödürleýärler.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

17.01.2026: «Gelin gelýär» 19:00;

18.01.2026: «Giýewleriň bäsleşigi» 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

17.01.2026: «Aýdym-sazly gülki agşamy» 19:00;

18.01.2026: «Aýdym-sazly gülki agşamy» 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

17.01.2026: «Täze ýyl degişmeleri» 19:00;

18.01.2026: «Täze ýyl degişmeleri» 19:00.

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

17.01.2026: «Похищение Чебурашки» 12:00;

17.01.2026: «Свободные бабочки»19:00;

18.01.2026: «Али-Баба»11:00; 13:00;

18.01.2026: «Gurjagyň öýi», ilkinji görkezilişi 19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

17.01.2026: «Söýgi» 19:00;

18.01.2026: «Saňa ýalan maňa çyn» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

17.01.2026: «Böwenjik» 17:00;

17.01.2026: «Çagaly öý bazar» 19:00;

18.01.2026: «Maşa we aýy» 12:00, 15:00;

18.01.2026: «Aşyklar» 19:00.