Ï Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Bilim we ylym ulgamy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Bilim we ylym ulgamy

view-icon 92

2025-nji ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bilim we ylym özgertmeleriniň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşany bolan birnäçe möhüm wakalara we üstünliklere baý boldy. Bu özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde durýan möhüm wezipeleriň çözülmegini üpjün etjek ýaş, ýokary hünär bilimli ylmy işgärleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta we ýokary bilim edaralary, çagalar baglary, saglyk merkezleri ulanmaga berilýär hem-de täze, döwrebap binalaryň gurulmagy dowam etdirilýär. Olar öňdebaryjy okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary, internet ulgamyna birikdirilen kompýuterler bilen doly üpjün edilendir. Okuwçylar üçin elektron kitaphana serişdeleri elýeterlidir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 160 orunlyk, Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 320 orunlyk, Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň ugrunda 320 orunlyk, Bagtyýarlyk etrabynyň “Ýasmansalyk” ýaşaýyş toplumynda 320 orunlyk çagalar baglary açylyp ulanmaga berildi. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet tarapyndan edilýän bimöçber aladalaryň netijesidir. “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 960 we 720 orunlyk, “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň açylyş dabaralary hem ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. 400 orunlyk döwrebap orta mekdep Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Bekaryk obasynyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp toý sowgady boldy.

Häzirki wagtda Diýarymyzda takyk, tebigy we ynsanperwer bilimlere, daşary ýurt dillerini okatmaga ýöriteleşen mekdepler hereket edýär. Türkmen halkynyň baý taryhyny, medeni mirasyny çuňňur öwrenmek maksady bilen, okatmagyň täze usullary peýdalanylyp, aýry-aýry dersler boýunça goşmaça gurnaklar döredilýär hem-de çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulan ylmy edebiýatlar taýýarlanylýar. Bularyň ählisi milli bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmaga, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, giň dünýägaraýyşly, zehinli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri, saýlap alan kärine eýe bolmaklary, döredijilik we ylmy iş bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilip, kabul edilen döwlet maksatnamalarynda, konsepsiýalarda, strategiýalarda, kanunçylyk namalarynda öz beýanyny tapýar. Her täze okuw ýylynyň başynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan ajaýyp sowgat — “Bilimli” noutbuk kompýuterleri gowşurylýar. Olary ulanyp, interaktiw-multimedia usulynda sapaklary geçmek boýunça ýyllaryň dowamynda toplanan tejribe ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga gyzyklanmalarynyň has-da artýandygyna, netijede, bilimiň hiliniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejesini yzygiderli artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bilim işini dolandyrmagyň umumy kabul edilen ýörelgelerini ornaşdyrmak, bilimiň, ylmy işleriň önümçilik bilen arabaglanyşygyny üpjün etmek, talyplaryň nazary bilimlerini amaly şertlerde has-da kämilleşdirmekleri babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Geçen ýylda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagy hem hususy işewürligi ösdürmek, ýokary bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda täze sahypanyň açylýandygyny alamatlandyrdy. Bu uniwersitet ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik hem-de işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda gol çeken Permany esasynda döredildi.

Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň ulanmaga berilmegi-de Bilimler we talyp ýaşlar gününe ajaýyp sowgat boldy. Munuň özi ýurdumyzyň energetika pudagynyň ylym-bilim binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Bilim ulgamyna degişi täze infrastruktura desgalarynyň halkara guramalaryň ýokary halkara standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalaryna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Şeýle-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň gurluşygy dowam edýär.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly okatmak işi işjeň ösdürilýär. Olaryň resmi web saýtlarynda bilim ojagynyň düzümi, bilim maksatnamalary we platformalary, fakultetler, hünärler barada giňişleýin maglumatlar, dalaşgärler üçin habarlar ýerleşdirilendir. Milli reýting ulgamynyň döredilmegi, Milli reýtingiň sanly portalynyň işe girizilmegi ýokary bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda möhüm ädim boldy. Bu gurallar bilim işiniň hiliniň obýektiw we açyk bahalandyrylmagyny üpjün edýär, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bäsleşikli gurşawy döredip, olary yzygiderli ösmäge, alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, okuw maksatnamalaryny, ylmy-barlag işlerini kämilleşdirmäge höweslendirýär. Reýting ulgamy her bir professor-mugallymyň, kafedranyň, fakultetiň we ýokary hünär bilimi edarasynyň hil görkezijilerini seljermek arkaly geljek üçin ösüş ugurlaryny aýratynlykda kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Ol bilim ojaklarynyň arasynda öz işleriniň netijeleri üçin jogapkärçiligiň kemala gelmegine ýardam edip, bilim syýasatynyň kämilleşdirilmegi üçin goşmaça höweslendirmeleri döredýär.

Ýokary bilimi mundan beýläk-de ösdürmekde strategik meýilnamalaşdyryş işi aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi döwletimiziň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga uzak möhletleýin, oýlanyşykly esasda, ylmy taýdan çemeleşýändigini görkezýär. Munuň özi dowam edýän özgertmeleriň durnuklylygyny, dowamlylygyny, yzygiderliligini we geljege gönükdirilendigini subut edýär. Strategiýada, hususan-da, ýokary hünär bilimi ulgamynyň dolandyrylyşyny halkara kadalara, milli tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, demografik görkezijilere, zähmet bazarynyň ösüşine, ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna görä meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň kämil gurallaryny ornaşdyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullary, sanly tehnologiýalar, emeli aň arkaly bäsdeşlige ukyply ýokary hünär biliminiň milli gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Geçen ýylda bilim edaralarynyň okuw-usulyýet üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda döwrebap okuw kitaplaryny, gollanmalary neşir etmek boýunça uly işler alnyp baryldy. Olary taýýarlamaga mekdep mugallymlary, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň öňdebaryjy hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, Ylymlar akademiýasynyň işgärleri işjeň gatnaşdylar. Bilim bermegiň hilini, bilim işgärleriniň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan ulgamlaýyn işleriň çäklerinde mugallymlar we bilim edaralarynyň ýolbaşçylary üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary milli hem-de halkara tejribeler esasynda alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň nesil terbiýesi baradaky taglymatlaryndan, ata-babalarymyzyň bu ugurdaky milli mirasyndan ugur alnyp, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmek, okuw işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly bilimiň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen ýylyň awgustynda ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, bilimiň ýokary hilini üpjün etmäge gönükdirip öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi seljerildi hem-de täze wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplary esasynda ýaş nesillerde watançylyk, milli buýsanç duýgularyny terbiýelemek, ýaşlaryň bilim bäsleşiklerinde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş etmegini gazanmak, olary ylmy döredijilige, hünäre ugrukdyrmak bilen bagly meýilleşdirilýän işlere üns çekildi.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň bilim ulgamy halkara hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirdi. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetleri, ylmy-barlag merkezleri, akademiki guramalar, şol sanda bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýän BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, ÝUNESKO ýaly ýöriteleşdirilen edaralar bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy munuň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi aýratyn buýsandyryjy waka boldy. Munuň özi halkara akademiki bileleşik tarapyndan Türkmenistanyň bilimiň, ylmyň we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan goşandynyň ykrar edilýändigini subut edip, ýurdumyzyň ählumumy bilim dialogynda uly orun eýeleýändigini tassyklaýar.

Daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmek döwletimiziň bilim syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Oňa diňe bir medeniýetara aragatnaşygyň serişdesi hökmünde däl, eýsem, ylmy-tehniki ösüşiň, hünär ussatlygynyň, işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň, Diýarymyzyň halkara mümkinçiliklerini giňeltmegiň hem möhüm şerti hökmünde garalýar. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilmegi üç tapgyrda amala aşyryldy hem-de orta mekdeplerden we ýöriteleşdirilen bilim edaralaryndan başlap, ýokary bilim hem-de hünärmenleri gaýtadan taýýarlamak ulgamlaryna çenli bilim bermegiň ähli basgançaklarynda berk dowamlylygy üpjün edýän, bitewi, ylmy taýdan esaslandyrylan, logiki taýdan gurlan dil bilim ulgamynyň döredilmegine getirdi. Täzelenen okuw kitaplarydyr gollanmalar taýýarlanyldy hem-de neşir edildi, türkmen dilinde we Birleşen Milletler Guramasynyň esasy dillerinde elektron sözlükler, maglumat kitapçalary, mobil programmalar işlenip düzüldi. Ýaşlara halkara güwänamalary almak üçin ýörite taýýarlyk okuwlaryny geçmek mümkinçiligi döredildi. Bu bolsa uçurymlaryň ählumumy bilim we hünär bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmaga itergi berýär. Dürli ýurtlaryň ylym-bilim ulgamlaryny özara baglanyşdyrýan bu özboluşly intellektual diplomatiýa häzirki we geljekki ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň arasynda pugta hyzmatdaşlyk köprüsini emele getirýär.

Bilim-ylym ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, talyplary we mugallymlary alyşmak meseleleri, umuman, ýaşlar mowzugy hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň çäginde guralýan duşuşyklaryň, Hökümet, pudagara derejedäki gepleşikleriň gün tertibine-de girizilýär. Gazanylan ylalaşyklar bolsa degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegi bilen berkidilýär. Geçen ýylda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde birnäçe çäreler geçirildi. “Parahatçylyk we ynanyşmak” atly halkara ýaşlar bäsleşigi, talyplar üçin ylmy bäsleşiklerdir maslahatlar, halkara gatnaşyklar boýunça bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideomaslahatlar, mekdeplerde mazmunlaýyn açyk sapaklar ýaly çäreleriň guralmagy munuň aýdyň mysalydyr. Mundan başga-da, ýaşlaryň parahatçylyk we ynanyşmak başlangyçlaryny ilerletmek maksady bilen, maglumat-bilim işiniň çäklerinde umumy, amaly, interaktiw sapaklar guralyp, bu ugurda jemgyýetçilik torlaryndan, sanly diplomatiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanyldy.

Döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlar esasynda türkmenistanly mekdep okuwçylarydyr talyplar halkara we ýurt derejesindäki olimpiadalara işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň aprelinde mekdep okuwçylarynyň arasynda II Halkara matematika olimpiadasy üstünlikli geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe forumlar, döredijilik bäsleşikleri guraldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Dil — hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahaty, Döwlet energetika institutynda geçirilen nazary mehanika dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasy , Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilen materiallaryň garşylygy dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasy bar. Bu taslamalar diňe bir tebigy ylymlara we tehniki ugurlara gyzyklanmany artdyrmak, talyplaryň inženerçilik pikirlenişini, seljeriş başarnyklaryny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara ylmy gatnaşyklary pugtalandyrýar, ýaşlarda ählumumy proseslere gatnaşmaga höwesi artdyryp, olarda jogapkärçilik duýgusyny we kämillige bolan ymtylyşy terbiýeleýär. Bularyň ählisi döwletimiziň intellektual mümkinçilikleriniň, adam maýasynyň, işgärler kuwwatynyň artmagyna, giň gerimli wezipeleri we meýilnamalary durmuşa geçirjek, ýokary derejeli medeniýete, ösen ylym we bilim ulgamlaryna eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrjak ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň dünýädäki belent abraýy hem-de halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde tutanýerliligi esasynda türkmen ýaşlary gazanylan hökümetara ylalaşyklaryň netijesinde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberilýär. Şeýlelikde, mart aýynda döwlet Baştutanymyz ýaşlary 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek baradaky teklibi makullady. Türkmen ýaşlary dostlukly ýurduň bilim ojaklarynda maglumat tehnologiýalary; saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary; bilim we pedagogika ylymlary; oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary; inženerçilik işi; tehnologiýalar we tehniki ylymlar; matematika we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça bilim alýarlar.

21-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak maksady bilen, 2026-2027-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna ýaşlary maglumat tehnologiýalary, lukmançylyk, oba hojalygy, inženerçilik we beýleki ugurlar boýunça bilim almaga ibermek baradaky teklibi goldady. Maksatnama Türkmenistanyň ösüşine goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap bilim almaga gönükdirilendir.

Bilim ulgamynyň ösdürilmegi bilen bir hatarda, döwletimiziň ylmy mümkinçilikleri hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga çekmäge, döredijilikli, täzeçil pikirlenýän alymlaryň täze neslini kemala getirmäge aýratyn üns berilýär. Innowasion ykdysadyýet ulgamynda aspirantura we doktorantura maksatnamalaryny döretmek babatda zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň geçirilmegi däbe öwrüldi. Oňa gatnaşyjylaryň sany ýylsaýyn artýar. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy 12-nji iýunda giňden bellenilýän Ylymlar gününde geçirilýär. Türkmen ýaşlary halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar. Mysal üçin, Türkmenistanyň ýaş alymlary iýun aýynda Malaýziýanyň Kuçing şäherinde geçirilen «Borneo BIICC 2025» atly halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, altyn medala mynasyp boldular.

Döwlet Baştutanymyzyň ylym bilen önümçiligi özara utgaşdyrmak bilen bagly öňde goýan wezipeleri alymlaryň geçirýän ylmy-barlag işleriniň netijelerinde öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary tarapyndan “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ylmyň gazananlary, täze himiki tehnologiýalar arkaly ekologik taýdan arassa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Netijede, önümçilige öňdebaryjy usullardyr döwrebap tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda we Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, energiýa serişdelerini tygşytlamak meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen işler işjeň alnyp barylýar. Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň barlaghanalarynda bio-, nano-, maglumat we himiýa tehnologiýalary ulgamynda toplumlaýyn ylmy barlaglary, maddalary fiziki-himiki taýdan düýpli öwrenmek, biomateriallary, uglewodorod çig mallary molekulýar we atom derejesinde derňemek bilen bagly ylmy işläp taýýarlamalary amala aşyrmak üçin şertler göz öňünde tutulandyr. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň alymlaryny ekologiýa hem-de tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak ulgamynda, ekologik taýdan arassa, galyndysyz tehnologiýalary döretmekde ylmy barlaglaryň ornuny we netijeliligini ýokarlandyrmaga höweslendirýär. Muňa jogap edip, ylmy işgärler Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, ekoulgamyň sazlaşykly ösmegini gazanmak, Garagumuň biodürlüligini goramak, özleşdirmek we baýlaşdyrmak boýunça, şeýle-de oba hojalygynda, durmuş-ykdysady ulgamda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak bilen bagly barlaglary alyp barýarlar. Şeýle-de türkmen halkynyň kemala gelmeginiň we ösüşiniň taryhyny, dünýäniň medeni taýdan ösüşinde tutýan ornuny, Türkmenistanyň iň gadymy, antik, orta asyr, täze we iň täze taryhyny düýpli öwrenmek boýunça möhüm ylmy işler taýýarlanylýar.

Şeýlelikde, 2025-nji ýyl ýurdumyzyň intellektual hem-de ylmy kuwwatyny artdyrmakda milli ylym-bilim ulgamy üçin möhüm sepgit boldy. Toplumlaýyn özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmegiň kämilleşdirilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, olimpiada hereketiniň giňeldilmegi, ylmy barlaglaryň goldanylmagy, mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, milli reýting ulgamynyň işe girizilmegi we pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlary Türkmenistanyň döwrebap, durnukly we bäsdeşlige ukyply bilim ulgamyny üstünlikli kemala getirýändigini tassyklaýar. Bu ulgamdaky özgertmeler ýurdumyzy ýokary hünär derejeli işgärler bilen üpjün etmäge, ylmy-tehniki ösüşi höweslendirmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmaga, onuň ählumumy bilim we ylym ulgamlaryna üstünlikli goşulyşmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.