Ï Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 140
Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-palestin gatnaşyklary boýunça özara gyzyklanma bildirilýän häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar birnäçe sebitleýin we halkara meseleleriniň hem üstünde durup geçdiler.

Duşuşykda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ynsanperwer häsiýeti nygtaldy.