Ï 2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy

view-icon 90

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine we ähli ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri, ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.