Ýurdumyzyň protokol gullugynyň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow degişli hasabat bilen çykyş etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeltmegi, ýokary derejeli saparlaryň we ýurdumyzyň içinde hem-de daşary ýurtlarda iri forumlaryň geçirilmegi kämil guramaçylyk üpjünçiligini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy milli kanunçylyga we dünýä tejribesine esaslanyp, protokol işini kämilleşdirmek baradaky tekliplerini hödürledi.
R.Meredow bu ugruň ösdürilmeginiň birnäçe ugurlary öz içine alýandygy barada habar berdi. Olaryň hatarynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky «Diplomatik protokol» okuw merkeziniň binýadynda ýaş diplomatlar üçin ýöriteleşdirilen hünär kämilleşdiriş okuwlaryny guramak, türkmen hünärmenlerini tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlara gulluk saparlaryna ugratmak we okuw maslahatlaryny geçirmek üçin Aşgabada öňdebaryjy daşary ýurtly bilermenleri çagyrmak ýaly çäreler bar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen başlangyçlary makullap, wise-premýerine, ýurdumyzyň daşary işler ministrine hünärmen işgärleri taýýarlamak boýunça bellenen meýilnamalaryň ýokary hilli durmuşa geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.