Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin Aşgabatda brifing geçirip, onda 2025-nji ýylda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň jemleri jemlenildi we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.
Diplomatyň belleýşi ýaly, 2025-nji ýyl iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda deňsiz-taýsyz ösüş döwrine öwrüldi. Üstünligiň esasy şerti ýokary derejedäki işjeň dialog boldy.
Ilçi döwlet Baştutanlarynyň amala aşyran saparlaryny aýratyn nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maý aýynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli we dekabr aýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin iki gezek Russiýa bardy. Öz gezeginde, Wladimir Putin dekabr aýynda Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşdy.
Bular barada aýdyp, I. Wolynkin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ornuny belledi.
«Gahryman Arkadag gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn goşant goşdy, onuň Russiýanyň ýolbaşçylary bilen geçiren gepleşikleri strategik hyzmatdaşlyga itergi berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe gezek rus wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny kabul etdi, geçen ýylyň maý aýynda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumynda çykyş etdi, şeýle hem dekabr aýynda Aşgabatda Russiýanyň Prezidenti bilen duşuşdy» – diýip, diplomat belledi.
Parlament hyzmatdaşlygy barada aýdyp, diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyga gol çekilmegini möhüm waka hökmünde belledi.
Ýurtlaryň arasyndaky ykdysady özara gatnaşyklaryň mowzugy hem söhbetdeşligiň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Ilçiniň aýtmagyna görä, Russiýa Türkmenistanyň öňdebaryjy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şeýlelikde, 2025-nji ýylyň 10 aýynda özara söwdanyň möçberi 35% ýokarlanyp, öňki ýylyň ähli görkezijilerinden geçdi. Mundan başga-da, oktýabr aýynda Aşgabatda täze bilelikdäki işewürlik taslamalarynyň binýadyny tutan möhüm resminamalara gol çekildi.
Ynsanperwer ulgamda we bilim babatda gatnaşyklar hem ösdürilýär. Sosial ulgamda hyzmatdaşlygyň iki ýurt üçin hem ileri tutulýan ugur bolup galýandygy bellenildi.
«Bilim ulgamyndaky gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär. Häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistandan 54 müňden gowrak talyp bilim alýar. 2025-nji ýylda Türkmenistandan gelen dalaşgärler üçin federal býujetiň hasabyna okuwa kabul etmek boýunça Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň kwotasy 500 orun boldy», – diýip I. Wolynkin aýtdy.
Diplomatik missiýanyň ýolbaşçysy sanlylaşdyrmak ulgamynda gazanylan üstünlikler barada hem aýtdy. Ilçiniň belleýşi ýaly, bitewi elektron wizanyň girizilmegi 10 müňden gowrak türkmen raýaty üçin Russiýa syýahat etmegi ýeňilleşdirdi.
Russiýa Federasiýasynyň ilçisi 2026-njy ýyl üçin rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny aýan edip, täze ýylyň syýasy gün tertibi babatda wakalara baý boljakdygyny belledi.
Geljekki duşuşyklar barada habar berip we pursatdan peýdalanyp, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa rus-türkmen dostlugyny ösdürmekde goşan ägirt uly goşantlary üçin hoşallygyny bildirdi.
«Biz Russiýa bilen Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň depginli ösmegi üçin bize täze üstünlikleriň garaşýandygyna ynanýarys» – diýip, I. Wolynkin sözüni jemledi.