Ï Aşgabatda Mary welaýatynyň teatrynyň çykyşy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Mary welaýatynyň teatrynyň çykyşy boldy

view-icon 90
Aşgabatda Mary welaýatynyň teatrynyň çykyşy boldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry paýtagtymyzdaky çykyşlarynyň çäklerinde «Müneçjim» atly sahna oýnuny tomaşaçylara hödürledi. Teatryň çeper ýolbaşçysy we režissýory Ata Gullarowyň sahnalaşdyran bu sahna oýny Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň sahnasynda görkezildi.

Jora Hudaýberdiýewiň «Müň bir gije» atly ertekileri esasynda ýazan bu gülküli sahna oýny hökümli zenanyň we onuň yhlassyz äriniň töweregindäki wakalary beýan edýär.

Baýlygy we gymmatbaha lybaslary arzuw edýän zenan ärini ýyldyzlara bakyp, ykbaly bilýän müneçjim bolmaga mejbur edýär. Gahryman başda täze keşbine uýgunlaşyp bilmese-de, «jadyly» don, äpet kitap we tesbi ýaly esbaplar oňa bu keşbe girmäge kömek edýär. Onuň soltanyň gyzy barada aýdan tötänden bilgiçliginiň durmuşa geçmegi bilen wakalaryň ösüşi has-da gyzyşýar.

– Biz bu sahna oýnuny Aşgabada ilkinji gezek getirdik — diýip, teatryň çeper ýolbaşçysy Ata Gullarow belledi. – 2022-nji ýylda sahnalaşdyrylan bu sahna oýny biziň hemişelik sanawymyza girip, Maryda uly meşhurlyga eýe boldy. Öz döredijiligimizi paýtagtymyzyň tomaşaçylary bilen paýlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin şatdyrys.

Marynyň teatr mekdebine mahsus özboluşlylyk we şadyýan degişmeler bilen baýlaşdyrylan gülküli sahna oýny tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Esasy keşpleri Kakamyrat Hanjaýew, Çemen Ataýewa, Kowus Alladurdyýew, Juma Ýolow we Ýazdursun Rahmanowa janlandyrdylar. Suratkeş Merdan Akmämmedowyň taýýarlan bezegleri bolsa gündogar äheňlerini sazlaşykly utgaşdyryp, sahna eseriniň täsirini has-da artdyrdy.

Türkmeniň görnükli nusgawy şahyry Mämmetweli Keminäniň adyny göterýän bu drama teatry ýurdumyzyň iň köne teatrlarynyň biridir. Onuň taryhy 1937-nji ýylda başlandy, 1938-nji ýylyň baharynda bolsa Alty Garlyýewiň «Aýna» atly eseriniň ilkinji görkezilişi boldy.

2006-njy ýylyň oktýabrynda teatryň 8400 inedördül metr meýdany bolan täze, döwrebap binasy açyldy. Bu günki günde döredijilik toparynyň sanawynda 30-dan gowrak agşamky we çagalar üçin niýetlenen köp sanly sahna oýunlar bar. Teatryň döredijilik düzümi Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uçurymlary – ýaş hünärmenler bilen yzygiderli doldurylýar.