2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktory Sýu Dunýuý bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň FAO bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Türkmen tarapy FAO bilen amaly hyzmatdaşlygy, şol sanda bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek arkaly mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
2025-nji ýylda Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolandygy, şeýle hem FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygy bellenildi.
Taraplar howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy meseleleri boýunça bilelikdäki sebitleýin maslahatlarynyň geçirilmeginiň ýurtlaryň arasynda dialogy we hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak üçin netijeli meýdança bolup durýandygyny bellediler.
Duşuşykda durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Çölleşmä garşy göreş boýunça sebit merkezini, şeýle hem Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlary nygtaldy.
Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen FAO-nyň arasynda 2026–2030-njy ýyllara niýetlenen hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
***
Soňra Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň arasynda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek we tehniki ýardam bermek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.