Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän 1-nji çagalar sungat mekdebiniň baryp 1937-nji ýylda Türkmenistan boýunça döredilen ilkinji 5 sany sazçylyk mekdebiniň biridigini entek köpler bilýän hem däldir. Bu sungat mekdebi ýurdumyz boýunça iň baýry mekdepleriň biridir. Şol döwürde bu ýerde bäş sany hünär – üflenip çalynýan saz gurallary, fortepiano, skripka, akkordeon we baýan saz gurallary boýunça çagalara sapak berlipdir. Mekdepde agşamky okuwlaryň hem guralmagy şäherde sungat meselesine düýpli çemeleşilendigini görkezýär.
Bu sungat ojagynyň döredilenine 90 ýyla golaý wagt geçenden soň, onuň taryhyna, häzirki derejesine ser salmak hem gyzykly. Bu ýerde häzirki wagtda zehinli çagalaryň 505-si sungatyň 21 görnüşi boýunça başlangyç hünär alýar. Olara öz kärine ussat mugallymlaryň 80-den gowragy sapak berýär. Bu sungat ojagy häzirki döwürde ýurdumyzda iň uly çagalar sungat mekdebi hasaplanylýar. Bu ýerde bolanymyzda, mekdebiň direktory Batyr Ýazmyradow, ilki bilen, bizi bu sungat ojagyna köp ýyllap ýolbaşçylyk eden Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Jumabaý Rozyýewiň başlangyjy bilen döredilen ýadygärlik ýazgylar kitaby bilen tanyşdyrdy.

Kitaba ser salanyňda meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň 1978-nji ýylyň 24-nji fewralynda, şol wagtky SSSR-iň halk artisti, «Türkmen bilbili» diýlip ykrar edilen aýdymçy Medeniýet Şahberdiýewanyň 1981-nji ýylyň 24-nji martynda, meşhur sazanda-skpikaçy Garold Neýmarkyň 1987-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda, şeýle hem belli türkmen kompozitory Nury Muhadowyň, Türkmenistanyň halk artistleri, meşhur gyjakçy Annageldi Jülgäýewiň, aýdymçy Aýdogdy Gurbanowyň, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Fatima Abukowanyň mekdep barada dürli döwürlerde galdyran ýakymly ýazgylaryna gözüň düşýär. Ýadygärlik kitabynda galdyrylan bu ýazgylar sungatyň meşhur wekilleriniň bu ýerde bolup, mekdebiň mugallymlaryna gymmatly maslahatlar berendiklerini, ussatlyk sapaklaryny geçendiklerini aňladýar.
Mekdepde 1939 – 1941-nji ýyllarda belli kompozitor Gurban Kulyýewiň ýolbaşçy bolandygyny, şeýle hem Moskwanyň döwlet simfoniki orkestriniň dirižýory S.Dorenskiniň, Ýewgeniý Mogilewskiniň, ussat kompozitorlar Çary Nurymowyň, Rejep Rejepowyň, Baýram Hudaýkulyýewiň, sungat işgäri Koçy Meredowyň bu ýerde mugallym bolup işläp, ýaş zehinlere sapak berendiklerini ýatlamak gyzyklydyr. Şu çagalar sungat mekdebini tamamlap, soňra sungat äleminde uly derejelere ýeten uçurymlaryň kändigini hem bellemek bolar.

Biz oňa häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň hormat garawuly batalýonynyň ýolbaşçysy, general-maýor Azamat Awlýakulyýewi, Aşgabatdaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň uzak ýyllaryň dowamynda direktory wezipesinde işlän Tatýana Meredowany, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň döredijilik toparynyň baş režissýory Rahman Joraýewi, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Batyr Soltanowy we ýene kän-känleri mysal getirip bileris. Mekdepde işleriň öňe ilerlemegine bu ýerde zähmet çekýän halypa mugallymlaryň goşandy uludyr.
Sungatyň «ody bilen girip, küli bilen çykýan» halypalar diňe bir zehinli çagalara sapak bermek bilen çäklenmän, ýaş mugallymlara baý iş tejribesini öwredýärler. Öz esasy işiniň daşyndan «Halypa – şägirtlik» ýoly esasynda baý iş tejribesini ýaşlara geçirýän mugallymlaryň hatarynda ýolbaşçylyk edýän rubapçylar topary döwlet we halkara derejesinde geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolan Narkuly Joraýewiň, 2019-njy ýylda ýolbaşçylyk edýän hor topary döwlet bäsleşiginde baş baýraga mynasyp bolan Roza Nazarowanyň, ýurdumyzyň çagalar sungat mekdepleri üçin okuw gollanmalarynyň ençemesini taýýarlan Mahym Öwezowanyň, Swetlana Jabbarowanyň, şeýle hem Ýelena Miroşniçenkonyň, Rano Şamsiýewanyň, Jahan Taşowanyň, Islam Şaripowyň atlaryny guwanç we uly hormat bilen agzamak bolar. Mekdepde ansambllaryň, orkestrleriň we döredijilik toparlarynyň 9 sanysy hereket edýär.
Olar welaýatda geçirilýän şanly senelerde, baýramçylyklarda, binalardyr desgalaryň açylyş dabaralarynda we beýleki çärelerde üstünlikli çykyş edip, köpleriň alkyşyna mynasyp bolýarlar. Türkmen telewideniýesiniň «Ýaşlyk», «Türkmen owazy» ýaýlymlarynda bu mekdebiň döredijilik toparlarynyň çykyşlary yzygiderli tomaşaçylara hödürlenýär. Toparlar bilen işlemekde, çagalara sungatyň inçe syrlaryny öwretmekde mekdebiň ýaş, gujurly mugallymlary, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Dmitriý Lukiçýow, kompozitor hem-de aýdymçy, çagalar hor toparlarynyň aýdymlary bilen döwlet derejesindäki, şeýle-de onlaýn arkaly geçirilýän halkara bäsleşiklerinde ençeme gezek ýeňiji bolan Jemal Reýimowa, milli saz gurallary bölüminiň bagşy hünäriniň halypalyga ýetişen mugallymlary Sähetdurdy Annadurdyýew, Jumageldi Orunow ýaly jany-teni bilen sungata berlen mugallymlar aýratyn tapawutlanýarlar.
Häzirki wagtda zehinli sazanda, guramaçy ýolbaşçy, meşhur halypalaryň ýoluny ynamly dowam edýän Batyr Ýazmyradowyň ýolbaşçylygynda bu baýry sungat mekdebinde döredijilik toparlary bilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň mazmunyny açyp görkezýän täze sungat eserleriniň üstünde basa oturyp işleýärler. Bu bolsa geljek ýyl döredilenine 90 ýyl dolýan bu baýry sungat mekdebiniň ýurt Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna mynasyp toý sowgady bolar.