Ï Moskwa şäherinde «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky geňeşmeler geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Moskwa şäherinde «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky geňeşmeler geçirildi

view-icon 178
Moskwa şäherinde «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky geňeşmeler geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Russiýa Federasiýasynyň DIM-de «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň 2025–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça bu formatyň ýokary derejeli geňeşmeleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ilçisi E.Aýdogdyýew öz çykyşynda geçen ýylyň oktýabrynda Duşenbede geçirilen Merkezi Aziýanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti S.Berdimuhamedow tarapyndan beýan edilen başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň durnuklylygy, ynamy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen amaly häsiýetli garaýyşlary we teklipleri goldaýandygy, bu garaýyşlaryň we teklipleriň deňhukuklylygy hem-de gatnaşyjylaryň milli bähbitlerini nazara almagyň möhümdigini göz öňünde tutýandygy aýratyn nygtaldy.

Taraplar Merkezi Aziýanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji sammitiniň netijelerini durmuşa geçirmegiň mümkin bolan ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň alty döwletiň ugurdaş ministrlikleriniň we beýleki hökümet guramalarynyň arasyndaky geňeşmeleri geçirmek arkaly hem mümkindigi bellenildi.