Ï YHG-nyň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça möhüm ädimler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

YHG-nyň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça möhüm ädimler

view-icon 1011
YHG-nyň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça möhüm ädimler

2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Agzalan mejlisiň dowamynda «2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda» göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek boýunça meselä garaldy.

Hususan-da, bu meýilnamanyň 3-nji ileri tutulýan ugry, ýagny “Üstaşyr, ulag we özara baglanyşyk” atly bölümini YHG-nyň sebitinde durmuşa geçirmek bilen bagly teklip bu Gurama tarapyndan öňe sürüldi. Agzalan teklip hem-de ony durmuşa geçmek boýunça duşuşyklaryň geçirilmegi Geňeş tarapyndan goldanyldy.

Türkmenistanyň Ilçisi, YHG-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili Y.Gaýypow agzalan başlangyjyň goldanylandygy üçin YHG-nyň Sekretariatyna we agza ýurtlaryň wekillerine hoşallyk bildirdi hem-de onuň durmuşa geçirilmegi ugrunda taraplaryň işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirýändigini mälim etdi.

Mundan başga-da, «2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy we YHG sebiti» atly mowzuk boýunça BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Gurama tarapyndan alnyp barlan işler hem-de geljekde meýilleşdirilýän hereketler beýan edildi.

Ozal türkmen tarapynyň teklibi boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň “Üstaşyr, ulag we özara baglanyşyk” atly 3-nji ileri tutulýan ugry öňümizdäki döwürde kabul ediljek YHG-nyň «Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik maksatlary – 2035» resminamasynyň taslamasyna girizildi.

Şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň resmi internet sahypasynda «AWAZA Programme of Action 2024-2034 and the ECO Region» atly bölüm döredildi.