Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 191
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Konstantin Sabiaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Gürrüňdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri boýunça pikir alyşdylar we iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar.

Duşuşygyň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselesine üns berildi. Taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.