Ï Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

view-icon 92
Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda türkmen-emirlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm goşant goşmaga gönükdirilen häzirki Bütindünýä hökümet sammitiniň ähmiýetini nygtady.

Diplomatlar Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelidigini bellediler. Şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň özara goldawa esaslanýan hyzmatdaşlygy aýratyn nygtaldy.

Mundan başga-da, taraplar ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.