Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Marrakeş şäherinde Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça altynjy bütindünýä maslahatyna gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Marrakeş şäherinde Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça altynjy bütindünýä maslahatyna gatnaşýar

view-icon 137
Türkmenistanyň wekiliýeti Marrakeş şäherinde Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça altynjy bütindünýä maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 11–13-nji fewraly aralygynda Halkara Zähmet Guramasy we Marokko Patyşalygynyň Hökümeti tarapyndan guralan Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça altynjy bütindünýä maslahatyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Forum çaga zähmetiniň doly aradan aýrylmagyny çaltlandyrmak maksady bilen döwletleriň, halkara guramalaryň we jemgyýetçilik hyzmatdaşlaryň wekillerini bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamak üçin bir ýere jemledi.

Maslahatyň maksatnamasyna ýokary derejeli plenar mejlisler, tematik sessiýalar hem-de tejribe alyşmaga, netijeli tejribeleri ilerletmäge we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan ýörite çäreleri öz içine aldy. Şeýle hem bu çäreler bilim we durmuş taýdan goraglylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem gönükdirilendir.

Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy ýurduň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artýandygyny hem-de onuň netijeli dialogy ösdürmäge we ynsanperwer gymmatlyklary ilerletmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.