2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda Ablaý han adyndaky Kazak halkara gatnaşyklary we dünýä dilleri uniwersitetinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Çärä uniwersitetiň ýolbaşçylary, türkmen talyplary hem-de ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzümi gatnaşdy.
Çykyş edenler 2025-nji ýylda Türkmenistanda ýokary derejede geçirilen birnäçe halkara çärelerde gazanylan üstünlikleri uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem olar 2026-njy ýylyň şygarynyň ähmiýeti, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi we ýurduň depginli ösüşini alamatlandyrýan bedew baradaky maglumatlary berdiler. Mundan başga-da, gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.
Çäräniň dowamynda türkmen we gazak talyplary konsert bilen çykyş etdiler. Olar milli saz gurallarynda saz çalyp, aýdymlar ýerine ýetirdiler hem-de “Bilezik” we “Küştdepdi” tanslaryny ýerine ýetirdiler.
Çäräniň ahyrynda okuwda tapawutlanan talyplary sylaglamak dabarasy geçirildi.