Ï Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygyny berkitmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygyny berkitmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 164
Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygyny berkitmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygyny berkitmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygyny berkitmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygyny berkitmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygyny berkitmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygyny berkitmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Tailand Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Tailandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur ş.) M.Maşalow bilen Tailandyň Daşary işler ministri Sihasak Phuangketkeonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony mundan beýläk ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Hususan-da, iki döwletiň arasynda ýokary derejedäki saparlary işjeňleşdirmegiň zerurlygy bellenildi. Taraplar iki tarapa hem kabul ederlikli boljak ikitaraplaýyn hökümetara hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmek meselesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem, şu ýylyň dowamynda Bangkok şäherinde Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu geňeşmeleriň maksady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini toplumlaýyn ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Aýratyn nygtalyşy ýaly, Onuň Alyhezreti Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy ýokarda agzalan sapary guramaçylyk we protokol taýdan durmuşa geçirmek boýunça bilelikde degişli işleri alyp barmaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek maksady bilen iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamak barada ylalaşdylar.

***

2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda Tailandyň Söwda palatasynyň baş edarasynda Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi (rezidensiýasy Kuala-Lumpur şäherinde) M.Maşalow bilen Söwda palatasynyň wise-prezidenti Suparek Çomçanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň işi barada gysgaça maglumat berdi. Onuň esasy ugurlarynyň hatarynda telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek, döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem milli harytlary we hyzmatlary daşary bazarlara çykarmak ýaly meseleler görkezildi.

Şeýle hem, edaranyň milli öndürijilerini we eksportçylaryny halkara bazarlara çykarmakda işjeň goldaw berýändigi, Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda halkara maslahatlary we sergileri guramakda işjeň çykyş edýändigi nygtaldy.

Tailand tarapy Ilçini wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

***

Şol gün Tailandyň Migrasiýa gullugynyň baş edarasynda Türkmenistanyň Ilçisi M.Maşalow bilen Tailandyň Migrasiýa býurosynyň Komissary, polisiýanyň general-leýtenanty Panumas Bunýalangyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Tailand tarapy Ilçini täze wezipä bellenmegi mynasybetli gutlap, migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlykda hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi. Şeýle hem degişli edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ymtylma tassyklanyldy.

Türkmen tarapy migrasiýa ulgamynda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek baradaky teklip bilen çykyş etdi. Hususan-da, bikanun migrasiýanyň öňüni almak, degişli düzgün bozulmalara garşy göreşmek, şeýle hem halkara kadalara laýyklykda goraga mätäç adamlara amatly şertleri döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen yzygiderli aragatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.