Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

view-icon 147
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ykjam telefonlar üçin goşundysy işe girizildi. Goşundy ulanyjylara gündelik täzelikler, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň we onuň ulgamyna girýän edaralaryň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryň işi barada maglumatlar bilen tanyşmaga hem-de ýerli ulanyjylara konsullyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin onlaýn nobata durmak mümkinçiligini hödürleýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Ykjam telefonlar üçin goşundy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine degişli maglumatlaryň bir ýerde jemlenmegini üpjün etmek bilen, türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterlidir.

Goşundyny Google Play we App Store-dan mugt geçirip alyp we peýdalanyp bolýar.