Ï Wladimir Morozow (MDHGI): – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy bütin adamzadyň bähbidine hyzmat edýän abraýly derejedir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Wladimir Morozow (MDHGI): – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy bütin adamzadyň bähbidine hyzmat edýän abraýly derejedir

view-icon 150
Wladimir Morozow (MDHGI): – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy bütin adamzadyň bähbidine hyzmat edýän abraýly derejedir

Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog» atly halkara okuw maslahaty geçirilýär. Şeýle giň gerimli forumyň guralmagy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Bu duşuşyk ählumumy meseleleri çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli meýdançany döretmegi maksat edinýär. Şunda lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça başlangyçlary parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň orny aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Çäräniň çäklerinde Russiýadan gelen myhman – Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory, diplomatiýa kafedrasynyň dosenti, professor Wladimir Morozow «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasyna bolan garaýyşlaryny paýlaşdy we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýokary ähmiýetini nygtady.

«Türkmenistan dünýä giňişliginde özüni sowatly we netijeli görkezmek bilen, möhüm çözgütleriň kabul edilýän merkezleriniň birine öwrülýär. Aşgabatda iri halkara çäreleriň guralmagy döwletiň abraýyny has-da berkidýär. Bu dialogyň çäklerinde saglygy goraýyş meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy Türkmenistanyň diňe bir ählumumy işlere gatnaşman, eýsem, bütin adamzat üçin ähmiýetli çözgütleriň işlenip düzülmegine hem saldamly goşant goşýandygyny görkezýär» – diýip, professor belledi.

W.Morozow ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Söhbetdeşimiz häzirki zaman geosyýasatynda Bitaraplygyň ynsanperwerlik wezipesine aýratyn ünsi çekdi.

«Häzirki wagtda, gynansak-da, dürli gapma-garşylyklaryň we krizisleriň dowam edýän şertlerinde hemişelik Bitaraplyk derejesi örän möhümdir. Türkmenistan üçin bu parahatçylyk, durnuklylyk we özara düşünişmek ideallaryny iň gowy görnüşde öňe sürýän abraýly derejedir. Beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgesi ýurduň diňe oňyn keşbini kemala getirýär. Biz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny elmydama goldaýardyk we Aşgabadyň mundan beýläk-de parahatçylykly gepleşikler üçin ygtybarly meýdança bolup galjakdygyna ynanýarys» – diýip, W.Morozow aýtdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda MDHGI-niň prorektory Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlaryna özüniň iň gowy arzuwlaryny ýollady.

«Geljekki diplomatlara öz hünärlerini çuňňur öwrenmegi arzuw edýärin. Her bir döwlet hem ählumumy, hem sebit derejesinde iş alyp barýar, şonuň üçin dünýäde bolup geçýän wakalara çuňňur düşünmek, beýleki halklaryň medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmek hem-de olara hormat goýmak zerurdyr. Bu dünýäni gowulyga tarap üýtgetmegiň ýoludyr. Talyplara okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw edýärin, goý, olar geljekde öz Watanyna halkara derejesinde mynasyp wekilçilik etsinler» – diýip, russiýaly myhman sözüni jemledi.