Ï Tahyr Ataýew: Çagalar we ene-atalar üçin «Multkonsert»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tahyr Ataýew: Çagalar we ene-atalar üçin «Multkonsert»

view-icon 130
Tahyr Ataýew: Çagalar we ene-atalar üçin «Multkonsert»

25-nji fewralda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda maşgala bolup tomaşa etmek üçin niýetlenen «Multkonsert» geçiriler. Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň ýerine ýetirmegindäki sazyň astynda teatryň sahnasynda «Disney» we «Pixar» kinokompaniýalarynyň meşhur multfilmleriniň gahrymanlary janlandyrylar. Olaryň arasynda «Moana», «Enkanto», «Şrek» we beýlekiler bar.

Tomaşaçylaryň öňünde sazanda bolmagy arzuw edýän Kokonyň syry açylar, şeýle hem öý haýwanlarynyň başdan geçirmelere baý durmuşy janlanar.

«Multkonserte» bilelikde tomaşa etmek hem çagalara, hem ene-atalara uly lezzet berer.

Konsert sagat 19:00-da başlanýar.

Petekleri satyn almak boýunça şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 55-90-15, +99362 53-28-71.