Ï Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat geçirildi

view-icon 137
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat geçirildi
camera-icon
Ýusup Türşekow

Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy parahatçylyk söýüjiligiň, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasy bolup durýar. Her ýyl Diplomatik işgärleriň gününiň baýram edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy tarapyndan dünýä giňişliginde alnyp barlan giň möçberli işleriň netijelerini jemlemäge mümkinçilik berýär. Bu gün türkmen diplomatiýasy diňe bir döwlet bähbitlerini goramagyň guraly bolman, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň hem möhüm şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň diplomatik işgärlerine aýratyn jogapkärçilik ýükleýär. Ählumumy howpsuzlyk arhitekturasynyň üýtgäp durýan häzirki şertlerinde döwletimiz “Dialog — parahatçylygyň kepili” filosofiýasyny işjeň ilerledýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç döwletleriň arasynda ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Bu ýokary okuw mekdebinde nazary bilimler tejribe bilen utgaşdyrylyp, ol geljekki diplomatlara protokolyň we gepleşikleri geçirmegiň inçe tärlerini özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýaş diplomatlar pederlerimiziň parasatly däplerini, sanly tehnologiýalary we häzirki zaman halkara standartlaryny içgin öwrenýärler.

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar. Guramanyň çäklerinde ýurdumyz ekologiýa, ulag, howpsuzlyk ulgamlarynda köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmeginiň öňbaşçysy boldy. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak, Aral meselesini çözmek boýunça başlangyçlary işjeň ilerledip, sebitiň ekologiýa gün tertibine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Bu bolsa döwletimiziň daşary syýasatynyň jogapkärçilikli we öňdengörüjilikli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi-de wajyp ugur bolup, ol Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygy, özara hormat goýmagy berkitmäge gönükdirilendir. Türkmen diplomatlary uzak möhletli ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň binýadyny düzýän ýokary derejedäki duşuşyklary guramakda möhüm orny eýeleýärler. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipeleri ýurdumyzyň diplomatik gullugyndan yzygiderli kämilleşmegi we halkara hyzmatdaşlykda täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy talap edýär. Parahatçylyk we ynanyşmak diplomatiýasy Türkmenistany dünýä ýurtlary bilen baglanyşdyrýan köpri bolup hyzmat edýär.

...Ilki bilen, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda hereket edýän diplomatik wekilhanalar we halkara guramalar tarapyndan guralan sergini synladylar.

Maslahatyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda hem döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak üçin täze, belent sepgitleriň kesgitlenilendigini belläp, ýurdumyzyň diplomatlarynyň sebit we halkara gatnaşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge mynasyp goşandyny goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi. “Türkmenistan bu gün ösüşiň belent sepgitlerini nazarlap, nurana geljege tarap ynamly öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur şertleri döredýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alyp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri daşary syýasatymyzda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi arkaly halkara gatnaşyklary kämilleşdirmäge çagyrýan nusgalyk syýasatymyzyň geriminiň giňeldilmegine, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende göterilmegine işjeň gatnaşýarlar” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynyň okalmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny alyp barmak bilen, jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara giňişlikde eýeleýän abraýly ornuny yzygiderli pugtalandyrýandygyny belledi. Türkmenistanyň daşary syýasaty hem-de diplomatiýasy hemişe içerki syýasy, ykdysady, durmuş ösüşi üçin amatly daşarky şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň durnukly ösüş, ulag infrastrukturasy, daşky gurşawy goramak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýaly ileri tutulýan ugurlarynyň möhüm ähmiýetine üns çekildi.

Bu gün energetika howpsuzlygy, energiýa üpjünçiligi meseleleri ählumumy gün tertibinde esasy orny eýeleýär. Türkmenistanyň öňe sürýän energetika diplomatiýasy BMG-niň işiniň wajyp bölegine öwrüldi. Soňky ýyllarda bu ugurda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň degişli Kararnamalarynyň birnäçesi kabul edildi. Munuň özi energetika logistikasy babatda yzygiderli, köptaraplaýyn maglumatlary alyşmaga, ählumumy energetika giňişligini ösdürmegiň täze çemeleşmelerini işläp taýýarlamaga ýardam berýär. Türkmenistan dürli ýurtlar, halkara guramalar bilen bu ugurda maksatnamalary hem-de strategiýalary durmuşa geçirmek boýunça dialogy işjeň ilerledýär.

Ýurdumyz ulag diplomatiýasyna-da aýratyn ähmiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, ulag boýunça ilkinji ählumumy forum Türkmenistanda geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklibi bilen ulag arabaglanyşygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde onuň orny barada birnäçe Kararnamany kabul etdi. Geçen ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty dünýä derejeli waka boldy. Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny yglan etmek baradaky başlangyjynyň ähmiýetini nygtady. Türkmenistanyň daşary syýasaty milli ileri tutulýan ugurlar hem-de maksatnamalar bilen berk baglanyşyklydyr. Halkara başlangyçlar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalaryň, şol sanda kuwwatly energetika, ulag desgalaryny gurmak boýunça taslamalaryň dowamy bolup durýar.

Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasy hem köptaraplaýyn tagallalary utgaşdyrmaga gönükdirilendir. BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, energetikada suw serişdelerini dolandyrmak, ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreşmek, Hazar ekologik başlangyjy, Hazar ekologiýa forumyny geçirmek, BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlar Türkmenistanyň bu ugurdaky anyk ädimleriniň mysalydyr.

Parahatçylygy, ynanyşmagy, durnuklylygy üpjün etmek diplomatik işiň netijeliliginiň esasy görkezijisidir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň daşary syýasatynyň bu maksatlarynyň hem-de ýörelgeleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň goldawyna eýe bolýandygyny aýdyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp köp sanly daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen halkara forumyň bu goldawy nobatdaky gezek aýdyň subut edendigini nygtady. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy çykyşynyň ahyrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürendigine ünsi çekip, bu teklibiň giňden goldanylmagynyň parahatçylygyň hem-de hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda wajyp ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze türkmen diplomatlaryny hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlap, milli bähbitleri goramakda we ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda olaryň alyp barýan işiniň uly ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, 2026-njy ýylyň şygary milli gymmatlyklar bilen ýurduň daşary syýasy ugrunyň arasyndaky sazlaşygy alamatlandyrýar. Kaha Imnadze sebitde durnuklylygyň binýady, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň netijeli guraly bolup çykyş edýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine aýratyn ünsi çekdi. Şeýle hem ol BMG-niň çäginde energetika howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy, ekologiýa ulgamlarynda netijeli başlangyçlary öňe sürýän Türkmenistanyň işjeň halkara ornuny nygtady. Ýurdumyzyň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýlip yglan etmek baradaky teklibi Watanymyzyň adalatlylyk ýörelgelerine, kanunyň hökmürowanlygyna ygrarlydygyny tassyklaýar. Şeýle-de Kaha Imnadze köptaraplaýyn mehanizmleri pugtalandyrmak we ählumumy wehimleri netijeli çözmek üçin Milletler Bileleşigini özgertmek meselelerinde Türkmenistanyň garaýyşlarynyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň garaýyşlary bilen gabat gelýändigini belledi.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde türkmen diplomatiýasynyň möhüm ornuny nygtap, diplomatlaryň hünär baýramçylygynyň gündelik zähmeti bilen halkara dialogy pugtalandyrmaga, özara hormat goýmak hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk filosofiýasyny ilerletmäge goşant goşýan türkmen diplomatlarynyň ýokary ussatlygynyň ykrar edilmeginiň nyşany bolup durýandygyny nygtady.

Dmitriý Şlapaçenko Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik derejesine ünsi çekip, bu hyzmatdaşlygyň köp sanly bilelikdäki başlangyçlarda öz beýanyny tapýandygyny belledi. Çykyşynyň ahyrynda ol milli diplomatik gullugyň işgärlerine alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan öz çykyşynda 18-nji fewralyň milli bähbitleri goramak, ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmak boýunça diplomatik gullugyň amala aşyrýan ýokary wezipesini alamatlandyrýandygyny belledi. Ol hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan türkmen diplomatiýasynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly abraýa eýedigini nygtady. Ilçi halkymyzyň daşary syýasy däpleriniň dowamata atarylýandygyny aýdyp, wizantiýaly taryhçylaryň, seljuk wezirleriniň eserlerinden gadymy türkmen döwletleriniň diplomatik dessurlary baradaky gymmatly maglumatlary mysal hökmünde getirdi. Arsen Awagýan Türkmenistanyň häzirki zaman daşary syýasy ugruna ünsi çekip, ony ählumumy wehimlere deňagramly we öňdengörüjilikli çemeleşmäniň nusgasy hökmünde häsiýetlendirdi. Ol ýurdumyzyň BMG-niň çäklerindäki başlangyçlarynyň, şol sanda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibiniň ähmiýetini belledi. Mundan başga-da, ilçi Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgelerini ösdürmekde Türkmenistanyň strategik ornuna ünsi çekip, sebit integrasiýasy üçin täze mümkinçilikler barada durup geçdi.

Diplomat köpasyrlyk dostluga, medeni-taryhy umumylyklara esaslanýan ermeni-türkmen gatnaşyklary barada aýdyp, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandyna ýokary baha berdi we türkmen kärdeşlerine halkara parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon diplomatik gulluga berýän ünsi üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini belledi. Ol çykyşynyň dowamynda diplomatiýanyň nusgawy ýörelgelerini häzirki zaman tehnologiýalary bilen sazlaşykly utgaşdyrmak meselesine degip geçdi. Ilçi tehnologiýalaryň çalt depginlerde ösýän döwründe adamlaryň arasyndaky medeniýetli gatnaşyklaryň ähmiýetiniň has-da artyp, onuň hünärmenler üçin ýolgörkeziji bolýandygyny nygtady. Şeýle-de ilçi emeli aňyň maglumatlaryň uly toplumyny seljermäge, uzak möhletli strategiýalary işläp taýýarlamaga ýardam berip, diplomatyň mümkinçiliklerini artdyrýan gural bolup çykyş edýändigine ünsi çekdi. Şunda ol açyklyga we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklaryň hiç hili algoritmler bilen çalşyp bolmaýan binýat bolup durýandygyny nygtap, ýaş diplomatlary täze tehnologiýalary hünärmenleriň ýyllaryň dowamynda toplan tejribesine netijeli goşmaça çeşme hökmünde ulanmaga çagyrdy. Stiwen Konlon täze bilimlere açyklygyň diplomatlara üýtgeýän şertlerde etiki standartlara ygrarlylygy saklap, dogry ýoly saýlap almaga mümkinçilik berýändigini aýdyp, innowasion çemeleşmeleriň birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmagynyň türkmen diplomatiýasy üçin halkara dialogy, özara düşünişmegi pugtalandyrmak babatda täze gözýetimleri açýandygyny belledi.

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni häzirki döwrüň ýaş diplomatlara hünär başarnyklaryny durmuşa geçirmek hem-de öz ýurdunyň ösüşine işjeň gatnaşmak üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Ol ynanyşykly gatnaşyklary ýola goýmak, özara düşünişmek sungatynyň diňe adamlara mahsusdygyny nygtap, hiç bir tehnologiýanyň şahsy dialogy we hyzmatdaşlyk gymmatlyklaryny çalşyp bilmejekdigine ynam bildirdi hem-de ýaş diplomatlara üstünlikleri arzuw etdi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýaş işgärlerini, şeýle-de institutyň gutardyş ýyl talyplaryny Daşary işler ministrliginiň diplomy bilen sylaglamak dabarasy boldy. Şeýle hem institutyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde baýramçylyk konserti geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.