Ï «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň hünärmenleri ýetip gelýän ekiş möwsümi üçin pagta tohumlaryny taýýarlaýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň hünärmenleri ýetip gelýän ekiş möwsümi üçin pagta tohumlaryny taýýarlaýarlar

view-icon 171
«Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň hünärmenleri ýetip gelýän ekiş möwsümi üçin pagta tohumlaryny taýýarlaýarlar

Şu günler «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynda ýetip gelýän ekiş möwsümi üçin orta süýümli pagta görnüşleriniň tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Şu ýyl sebitde gymmatly ekiniň birnäçe täze görnüşleri ilkinji gezek ekiler. Olaryň hatarynda gowaçanyň «Daşoguz-150» görnüşi hem bar. Bu görnüş Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň welaýatdaky gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň müdiri Ç.Seýitmyradow tarapyndan döredildi.

Täze görnüş ähli esasy görkezijileri boýunça ekinlere bildirilýän döwrebap talaplara doly laýyk gelýär. Ol kesellere durnukly, onuň süýüminiň çykyşy we berkligi ýokary. Şeýle hem sebitde köpçülikleýin ekişe taýýarlanylýan ilkinji tohumlaryň hatarynda synagda oňat netijeleri görkezen orta süýümli gowaçanyň «Jeýhun-16» görnüşi bar.

Häzirki wagta çenli pagta arassalaýjy kärhanalarda önümiň hiline berk gözegçilik edilmeginde, toprak-howa şertlerine we bildirilýän talaplara laýyk gelýän gowaça tohumlarynyň 12 müň tonnadan gowragy öndürildi. Welaýatda her ýyl ekiş üçin gowaçanyň hem tüýjümek bilen örtülen, hem arassalanan tohumlary taýýarlanylýar. Arassalanan tohumlar, esasan, Köneürgenç etrabyndaky ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna deň bolan, bir wagtyň özünde 10 müň tonna pagtany saklamaga niýetlenen terminaly bolan tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän kärhanada iň döwrebap tehnologiýalar arkaly taýýarlanylýar.