Türkmenistanyň Hökümeti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) bilen özara gatnaşyklaryny artdyrmak arkaly halkara çärelere işjeň gatnaşýan ýurt hökmündäki statusyny pugtalandyrýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk iş meýilnamasyny makullady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri R.Meredowyň hödürlän meýilnamasy howpsuzlyk meseleleriniň esasy ugurlaryny hem dürli başlangyçlary öz içine alýar.
Şolaryň arasynda howpsuzlygy, parahatçylygy berkitmek, hususan-da, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek, gümrük, serhet, kiberhowpsuzlygy ýokarlandyrmak, ykdysadyýeti we sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik howpsuzlygy berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleri bilelikde çözmek, bilim-ylym ulgamlarynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ýurdumyzyň demokratik institutlarynyň binýadyny pugtalandyrmak, gender deňligini üpjün etmek, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmek ýaly meseleler bar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara guramalar bilen ulgamlaýyn gepleşigiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň yzygiderli ileri tutulýan ugry bolup galýandygyny nygtady we wise-premýere degişli işleri ýerine ýetirmegi tabşyrdy.