Ï Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli duşuşyklar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli duşuşyklar

view-icon 83

Şu gün Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropanyň maýa goýum bankynyň Aziýa, Merkezi Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça departamentiniň başlygy Edwardas Bumsteinasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» birinji sammitiniň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygyna üns çekildi. Taraplar şu barada aýdyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Myhmanlaryň ýurdumyza iki günlük saparynyň maksady Türkmenistan bilen Ýewropanyň maýa goýum bankynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasy boýunça jemleýji gepleşikleri geçirmekden ybaratdyr. Wekiliýet agzalarynyň Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde bolan duşuşygynda geçen ýylyň dowamynda hem-de şu ýyl ministrlik tarapyndan degişli ylalaşygyň taslamasyna birnäçe gezek garalandygy hem-de taslama boýunça garaýyşlaryň beýan edilendigi nygtaldy we şu saparyň çäklerinde bu ylalaşygyň gutarnykly görnüşiniň ylalaşylmagyna umyt bildirildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Ýewropanyň maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlyk birnäçe ileri tutulýan ugurdan ybarat. Şolaryň biri ulag ulgamynda, mysal üçin, Hazarüsti ulag geçelgesini maliýeleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek bilen baglydyr. Hazarüsti ulag geçelgesiniň döredilmegi Merkezi Aziýa we Ýewropa döwletleriniň ulag boýunça arabaglanyşygyny has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Bulardan başga-da, häzirki wagtda SPECA maksatnamasynyň çäklerinde bu geçelgäni sanlylaşdyrmak babatda “Ýol kartasyny” durmuşa geçirmek boýunça işleriň amala aşyrylýandygy aýdyldy.

Ýewropanyň maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýene bir ugry sanly ulgamy öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde sanly özgertmelere aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Energetika, suw hojalygy ulgamyndaky taslamalar hem möhüm maýa goýum taslamalarydyr. Şoňa görä-de, duşuşykda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine üns çekilip, Türkmenistanda bu ulgamy diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bir hatarda, arassa, daşky gurşawa zyýansyz “ýaşyl” energetika boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Ýewropa banklarynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan durnukly energetika taslamalaryna we täze başlangyçlara gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri bar.

Türkmenistan oba hojalyk pudagyny ösdürmäge, hususan-da, suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň suwaryş desgalarynyň gurluşygy, ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyrmak boýunça degişli edaralar bilen hyzmatdaşlygynyň goldanylýandygy aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ägirt uly uglewodorod gorlaryna eýe bolup, çig maly we taýýar uglewodorod önümlerini işjeň eksport edýär. Bu babatda ileri tutulýan ugurlar uglewodorodlary öndürmek hem-de taýýar önüme öwürmek üçin gaýtadan işlemek boýunça taslamalardan ybaratdyr.

Duşuşygyň ahyrynda beýan edilen ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Ýewropanyň maýa goýum bankynyň arasynda geljekde netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp baryljakdygyna ynam bildirildi.

***

Paýtagtymyzda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «BASF Group» konserniniň Şweýsariýa Konfederasiýasynda ýerleşýän «BASF Intertrade AG» kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek boýunça ýolbaşçysy W.Nikitin bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlaryna garaldy. Taraplar özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardyklaryny, nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garap, işleriň häzirki ýagdaýlary barada durup geçdiler hem-de gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda taraplar tekliplerini beýan edip, olary öwrenmegiň ýakyn geljek üçin meýilnamalary durmuşa geçirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Ýeri gelende bellesek, “BASF” kompaniýasy Türkmenistanda sebitleýin taslamalara işjeň gatnaşýar. Mysal üçin, kompaniýanyň gaz arassalaýjy enjamlary Gyýanlydaky täze gazhimiýa toplumy üçin saýlanyp alyndy. Zerur bolanda, kompaniýa tehniki goldawlaryny we maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirip biler. Duşuşygyň dowamynda taraplar bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada jikme-jik pikir alyşdylar.