Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde habar berlişi ýaly, fewral aýynyň ortalarynda Baku şäherinde «C6: Bir sebit, umumy geljek – strategik dialogy pugtalandyrmak» atly C6 formatyna girýän ýurtlaryň seljeriş merkezleriniň halkara maslahaty geçirildi.
Duşuşygy Azerbaýjan Respublikasynyň Halkara gatnaşyklary boýunça seljeriş merkezi gurady. Maslahatda ýurdumyza Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy, ilçi Şiri Şiriýew wekilçilik etdi. Baku saparyndan dolanyp geleninden soň, «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy Şiri Şiriýew bilen duşuşyp, oňa birnäçe sowallar bilen ýüzlendi.
– Hormatly Şiri Akgöýliýewiç, söhbetdeşligimiziň başynda täze C6 meýdançasy barada durup geçseňiz. Okyjylarymyz we hünärmenlerimiz üçin bu meýdançanyň nähili ähmiýete eýedigi hem-de halkara seljeriş ulgamynda onuň döreýiş «taryhy» barada bilmek gyzykly bolsa gerek?
– Siziň sowalyňyza jogap bermezden ozal, C6 formatynyň döremegine nämeleriň sebäp bolandygy barada ýatladyp geçesim gelýär. Ýadyňyzda bolsa, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy sebit syýasatynda möhüm öwrülişik nokady boldy: Azerbaýjan resmi taýdan ozal C5 (Merkezi Aziýa ýurtlary) hökmünde tanalýan formata kabul edildi. Ýewraziýa diplomatiýasynyň dinamikasyna gözegçilik edýän hünärmenler üçin bu ädim garaşylmadyk ýagdaý däl-de, eýsem yzygiderli ýakynlaşmagyň logiki dowamy boldy. Merkezi Aziýanyň dünýä syýasatynyň özbaşdak subýekti hökmünde kemala gelmegi bolsa, 2018-nji ýylda konsultatiw duşuşyklaryň institusional taýdan resmileşdirilen formatynyň döredilmegi netijesinde mümkin boldy. Bu mehanizm sebit liderlerine yzygiderli esasda açyk dialog alyp barmaga, özara ynamyň derejesini ýokarlandyrmaga we strategik taýdan möhüm çözgütleri ylalaşmaga şert döretdi. Netijede, birnäçe ýylyň içinde düýpli özgerişler bolup geçdi: döwletara gatnaşyklaryň gurşawy gowulandy, ulag baglanyşyklygy artdy, sebit içi haryt dolanyşygy bolsa iki esse köpeldi. Durnukly C5+ formatynyň döremegi dünýäniň iri döwletleriniň bitewi Merkezi Aziýa bolan barha artýan gyzyklanmasyny has-da güýçlendirdi. «5+» diplomatik nyşanyna öwrüldi we muňa Hytaý, Russiýa, ABŞ, Ýewropa Bileleşigi, Hindistan, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Fransiýa, Italiýa, Germaniýa, şeýle hem Pars aýlagynyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi uly gyzyklanma bildirdi. Dünýä tejribesinde meňzeşi bolmadyk bu duşuşyklar sebitiň täze halkara subýektliligini doly tassyklady.
Täze formata gelsek, bu sebitiň halkara meýdanyndaky ornunyň bir manyly güýçlenmegidir: indi alty döwlet ylalaşykly garaýyşlar bilen çykyş edip bilýärler. Azerbaýjan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda eýýäm bitewi geosyýasy meňzeşlik kemala geldi we bu tebigy prosesdir. Bu diňe bir umumy taryhy tejribe bilen däl, eýsem soňky otuz ýylyň içinde ykdysadyýet, ulag, söwda, energetika we howpsuzlyk ulgamlaryndaky geosyýasy wakalar hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy zerurlyga öwürdi. Ýeri gelende aýtsak, bu pikir maslahatda köp sanly bilermenler, şol sanda azerbaýjanly hünärmenler tarapyndan hem beýan edildi.
– Siz bäşiň altydan has gowudygyny we bähbitlidigini bellediňiz. Şonda-da, Bakunyň bu formata goşulmagy bilen nämeleriň üýtgeýändigi barada bilmek isleýäris?
– Azerbaýjanyň goşulmagy formatyň ewolýusiýasynyň dowamy bolmak bilen bir hatarda, oňa täze mazmun berdi. Altynjy gatnaşyjynyň peýda bolmagy bilen sebit binýady diňe bir giňelmek bilen çäklenmän, eýsem goşmaça çuňluk hem gazandy. Baku bu formata özüniň ykdysady mümkinçiliklerini, serişdelerini we ösüşiň umumy dinamikasyny güýçlendirýän baý daşary syýasy gatnaşyklar ulgamyny goşdy. Azerbaýjan bu giňişlige örän sazlaşykly goşulýar: ol geoykdysady baglanyşyklygy, aýratyn-da Hazar logistikasyny we energetikasyny berkitmekde, halkara meselelerde sazlaşyk mümkinçiliklerini giňeltmekde, şeýle hem adaty pudaklardan başlap sanly çözgütlere çenli maýa goýum we tehnologik alyş-çalyş üçin täze ugurlary açmakda möhüm orun eýeleýär.
– C6 formatynyň esasynda näme durýar we täze formatyň esasy maksatlary näme?
– Birinjiden, C6 formaty döwletleriň özygtyýarlylygyny berkidip, Azerbaýjan arkaly dünýä bazarlaryna çykmak üçin alternatiw ugurlary hödürleýär. C6 – bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (MA5) we Azerbaýjanyň Transhazar geçelgesini, energetika integrasiýasyny we sebit howpsuzlygyny ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygynyň konseptual esasydyr. Mundan başga-da, bu formatyň çäklerindäki forumlar (meselem, Bakudaky duşuşyk) ynamy berkitmäge, ykdysady özara baglanyşyklara we ählumumy töwekgelçiliklere durnuklylyga gönükdirilendir. C6 strategik dialogynyň esasy ugurlaryny gysgaça jemlesek, bular ykdysadyýet we logistika, howpsuzlyk we durnuklylykdyr.
– Şiri Agöýliýewiç, maslahatyň özi we oňa gatnaşyjylar barada hem durup geçseňiz.
– Çärä daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem C6 formatyna girýän ýurtlaryň seljeriş merkezleriniň we bilermen jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek, strategik dialogy giňeltmek we häzirki zaman çylşyrymly geosyýasy ýagdaýynda durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerine garaldy. Çykyş edenleriň tas ählisi C6 formatynyň sebit ýurtlarynyň özara gatnaşyklary ösdürmek üçin netijeli meýdança hökmündäki uly ähmiýeti barada birmeňzeş pikirde boldular.
Bilermenler tarapyndan ulag-logistika özara baglanyşygy, ykdysady hyzmatdaşlygy, energetika howpsuzlygy, durnukly ösüşi we sebit howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, çykyşlarda C6 formatynyň kem-kemden sebitara hyzmatdaşlygy ilerletmegiň we halkara syýasatyň derwaýys ugurlary boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň täsirli guralyna öwrülýändigi bellenildi. Maslahatyň netijeleri boýunça gatnaşyjylar bilermen dialogyny mundan beýläk-de ösdürmäge we C6 formatynyň çäklerinde gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.
Eger onuň institutlaryny berkitmäge üns berilse, C6 formatynyň geljegi uludyr. Bu ýagdaýda ol beýlekiler üçin hem gowy nusga bolup biler.
– Baku maslahatynyň esasy netijelerine nähili baha bererdiňiz?
– Maslahat gatnaşyjy ýurtlaryň täze C6 formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň öňdebaryjy seljerijileriniň we bilermenleriniň maslahatyň maksatlaryna laýyklykda, strategik maksatlara ýetmek ugrunda hyzmatdaşlygy berkidendiklerini ynam bilen aýdyp bolar. Bu bolsa, şübhesiz, gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady gatnaşyklaryna, ählumumy töwekgelçiliklere durnuklylygyna we sebitiň halklarynyň abadançylygyna oňyn täsir eder.
– Şiri Agöýliýewiç, täsirli söhbetdeşligiňiz üçin sag boluň!