2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň hökümet binasy bolan Lankaster-hausda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Şazada Edward, Edinburg Gersogy bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de aýratyn-da medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtadylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
***
Şazada Edwardyň, Edinburg Gersogynyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki iş naharynyň başynda «Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa» formatynda geçiriljek ilkinji ministrler derejesindäki duşuşygyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolup durýandygy bellenildi.
Türkmen tarapy mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Beýik Britaniýa özboluşly medeni we diplomatik mirasa eýe bolan döwlet hökmünde uly hormat bilen garaýandygyny belledi. Syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Türkmenistanda iňlis dilini we britan medeniýetini öwrenmäge bolan ýokary gyzyklanmanyň bardygy, şeýle hem bilim we akademiki alşygyň, şol sanda Chevening maksatnamalarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Medeni dialogyň işjeňleşdirilmegine mysal hökmünde Aşgabat şäherinde Şotlandiýa tans agşamy «Ceilidhiň» geçirilmegi, Türkmenistanyň paýtagtynda Wilýam Şekspiriň ýadygärliginiň oturdylmagy, şeýle hem BBC tarapyndan Köpetdag alajagaplaňlary barada dokumental filmiň ýaýlyma berilmegi görkezildi.