Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet işgärleriniň abraýly wekiliýeti Aşgabada geldi. Myhmanlar saparyň dowamynda türkmen halkynyň baý mirasy bilen tanyşdylar we Hytaýyň gadymy medeni däp-dessurlary bilen tanyşdyrdylar.
Maksatnamanyň iň möhüm çäreleriniň biri-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna baryp görmek boldy, ol ýerde wekiliýetiň agzalary kalligrafiýa sungaty boýunça ussatlyk sapagyny geçirdiler. Üç müň ýyldan-da öň dörän bu sungat surat galamyna inçelik bilen erk etmek usulyny we özüňi kämilleşdirmegiň çuňňur filosofiýasyny özünde jemleýär.

Hytaýyň Şanhaý halkara medeni assosiasiýasynyň agzasy Çýen Li talyplara ýazuwyň taryhy we estetikasy barada jikme-jik gürrüň berdi.
Gadymy Hytaýda owadan ýazuw ussatlygy döwlet synaglaryny tabşyrýan dalaşgärler üçin hökmany şert bolupdyr. Şanhaý inženerçilik ylymlary uniwersitetiniň professory Su Bing aýry-aýry ieroglifleriň çeperçilik täsirliligini we etimologiýasyny açyp görkezdi.

Pekin operasynyň Hou mekdebiniň üçünji nesil mirasdüşeri Ýeng Peng Dongyň çykyşy hem gyzykly boldy. Ol nusgawy kalligrafiýa usullaryny görkezdi, ussatlyk sapagyna gatnaşýan talyplary gadymdan bäri dowam edip gelýän kalligrafiýa gurallary bilen tanyşdyrdy we görkezme kagyzlarynda iş tärlerini görkezdi.

Duşuşyk amaly sapak bilen tamamlandy. Talyplar öwrenen hytaý ierogliflerini ussatlaryň ýolbaşçylygynda özbaşdak çekmegi başardylar.
Bu çäre ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Hytaý Täze ýylyny (Bahar baýramy, Çunsze) baýram etmek çäresiniň çäginde geçirildi.