Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

view-icon 156
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

2026-njy ýylyň 2-3-nji marty aralygynda Tokio şäherinde Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döredilen bilelikdäki başlangyç – «Salgyt boýunça hyzmatdaşlyk platformasynyň» çäklerinde «Salgyt we ösüş» atly mejlis geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   

Mejlise halkara maliýe guramalarynyň wekilleri, dürli döwletleriň maliýe we salgyt edaralarynyň ýolbaşçylary, bilermenler hem-de halkara guramalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Şeýle hem mejlisiň işine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowdan ybarat bolan türkmen wekiliýeti gatnaşdyryldy.

Mejlisiň esasy maksady döwletleriň salgyt syýasatyny kämilleşdirmek, salgyt ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ykdysady ösüşi goldamak ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybarat boldy. Şeýle hem çäräniň dowamynda ösüş ýolundaky ýurtlarda salgyt dolandyryşyny güýçlendirmek, maliýe serişdelerini netijeli peýdalanmak we aç-açan ykdysady gurşawy döretmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Gatnaşyjylar salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly salgyt dolandyryşyny gowulandyrmak we ykdysady ösüş üçin amatly şertleri döretmek boýunça tejribe alyşdylar.

Mejlisiň netijesinde salgyt ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, maglumat alyş-çalşygyny giňeltmek hem-de ýurtlaryň ykdysady ösüşine ýardam berýän netijeli salgyt syýasatlaryny ösdürmek boýunça möhüm pikirler öňe sürüldi. Şeýle çäreleriň geçirilmegi döwletleriň maliýe durnuklylygyny üpjün etmekde, ykdysady ösüşi çaltlandyrmakda we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.