Ï Amanmuhammet Hommadow ilkinji gezek küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Amanmuhammet Hommadow ilkinji gezek küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

view-icon 1259
Amanmuhammet Hommadow ilkinji gezek küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy
camera-icon
TKF

FIDE-niň 19 ýaşly ussady Amanmuhammet Hommadow Aşgabatda on günüň dowamynda geçirilen ýokary liganyň ýaryşynda ýeňiş gazanyp, küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby bu üstünlige açyk kategoriýada birinjiligi eýeläp, ilkinji gezek mynasyp boldy.

Saýlama ýaryşlarynyň tapgyryndan geçen 8 sany iň güýçli küştçi iki aýlawda çempionlyk ugrunda bäsleşdi.

Amanmuhammet Hommadow bütin çempionatyň dowamynda durnukly we netijeli oýun görkezdi hem-de 14 tapgyrda 11 utuk toplap, ýurdumyzyň çempiony diýen ady eýeledi. Ondan 1,5 utuk yza galan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 3-nji ýyl talyby, geçen ýylky ýurdumyzyň çempiony Wepaly Halynyýazow ikinji boldy.

Iki ýyl mundan ozal bu türgenleriň ikisi hem Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň düzüminde Budapeştde (Wengriýa) geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda kiçi altyn medala mynasyp bolupdylar. Şonda biziň küştçülerimiz «B» kategoriýasynda birinji orny, umumy hasapda bolsa 188 toparyň arasynda 24-nji orny eýeläpdiler.

Geçen ýyl Amanmuhammet Hommadow Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan döredilen ilkinji Gran-pri tapgyrynyň ýaryşynda ynamly ýeňiş gazanypdy. Indi bolsa ol ilkinji gezek erkekleriň arasynda küşt täjine mynasyp boldy. Täze çempionyň bu üstünligini onuň tälimçisi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýew hem paýlaşýar.

Ýurdumyzyň wise-çempiony Wepaly Halynyýazow küşt bilen Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebinde tälimçi Güljahan Öwlýägulyýewanyň ýolbaşçylygynda meşgullanyp başlady. Ol soňky 3 ýylyň dowamynda Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde Aýnur Isaýewanyň tälim bermeginde ussatlygyny kämilleşdirýär.

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew yzygiderli ikinji ýyl bürünç baýraga mynasyp boldy. Ol 8,5 utuk toplap, goşmaça görkezijiler boýunça Lebap welaýatynyň 26-njy mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Ilhan Çaryýewden (görkezijisi – 2187) öňe geçdi. Ilhan hem özüni mynasyp görkezip, taýýarlygynyň ýokary derejesini tassyklady.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Ahmet Gubataýew (görkezijisi – 2176) hem gowy netije görkezip, öz hasabyna 7,5 utuk ýazdyrdy. Onuň çykyşy umumy bäsdeşlik derejesine möhüm goşant boldy we türkmen küştçileriniň bäsleşige ukyplylygyny görkezdi.

Ýokary liganyň netijeleri boýunça şu ýylyň sentýabr aýynda Samarkantda (Özbegistan) geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň düzümi kemala getirildi.

Erkekler toparyna şu çempionatyň üç baýrakçysyndan – A.Hommadowdan, W.Halynyýazowdan we Ş.Turaýewden başga-da, reýting görkezijileri boýunça öňdäki orunlary eýeleýän halkara grossmeýsterler Saparmyrat Atabaýew we Meýlis Annaberdiýew dagy girdi. Habar berlişi ýaly, ýylyň esasy toparlaýyn ýaryşynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysyna 2026-njy ýylyň ýokary ligasynyň netijeleri boýunça iň gowy dört küştçi – Läle Şöhradowa, Jahan Rejepowa, Mähri Agamyradowa, Ogulsuraý Baýrambaýewa hem-de toparymyzda iň ýokary FIDE-niň görkezijisine eýe bolan Leýla Şöhradowa wekilçilik ederler. Leýla öz görkezijisi bilen şu ýyl erkekleriň arasyndaky açyk kategoriýada çykyş etmäge hukuk gazandy.