Ï Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl Kubogy başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl Kubogy başlandy

view-icon 1228
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl Kubogy başlandy
camera-icon
tff.com.tm

Aşgabatda başlanan Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ýaryşyna sekiz topar ýygnandy.

Hormatly baýrak ugrunda Ýokary liganyň ýedi kluby we Türkmenistanyň 20 ýaşa ýetmedik ýygyndy topary bäsleşýär. Olar birinji tapgyrda iki topara bölünýär. «A» toparda «Köpetdag», «Ahal», «Şagadam» we «Nebitçi», «B» toparda bolsa «Arkadag», «Aşgabat», «Merw» toparlary we Türkmenistanyň 20 ýaşa ýetmedik ýygyndy topary bar.

Her topardan iň gowy iki toparça ýarym finala çykar. Ýeňijiler finalda baş baýrak üçin bäsleşerler, ýeňlenler bolsa üçünji orun üçin ýüzbe-ýüz duşuşykda bürünç medalyň eýesini kesgitlärler.

Toparlarynda üçünji orny eýelän toparçalar bäşinji we altynjy orunlar üçin bäsleşerler. Toparlarynda iň soňky orny eýelän toparçalar bolsa ýedinji we sekizinji orunlar üçin bäsleşerler.

TFF-niň Kubogynyň ähli oýunlary köpugurly «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda geçiriler.

Ýaryşyň açylyş oýnunda Aşgabadyň «Köpetdag» topary Balkanabadyň «Nebitçi» toparyny 1:0 hasabynda ýeňip, üç utuk bilen «A» toparda öňdeligi eýeledi. Bu topardaky başga bir duşuşykda «Ahal» topary bilen Türkmenbaşynyň «Şagadam» topary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.

«B» toparda «Aşgabat» toparyny 4:0 hasabynda ynamly ýeňen «Arkadag» topary üç utuk bilen öňde barýar. Türkmenistanyň 20 ýaşa ýetmedik ýygyndy topary we «Merw» 2:2 hasabynda deňme-deň oýnamak bilen, her biri bir utuk gazandy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl Kubogynyň ýeňijisi 12-nji martda yglan ediler. Geçen ýyl bu hormatly baýragy alty sany ýokary liga klubunyň gatnaşmagynda Gökdepe etrabynyň Babarap etrabynda geçirilen bir tapgyrly ýaryşda ýeňiji bolan «Arkadag» toparynyň futbolçylary gazandylar.