Ï 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynyň soňky ýarym finalçysy belli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynyň soňky ýarym finalçysy belli boldy

view-icon 124
2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynyň soňky ýarym finalçysy belli boldy
camera-icon
tff.com.tm

Paýtagtymyzda dowam edýän Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogy ugrundaky ýaryşda iň soňky ýarym finalçy belli boldy. Ol hem «Aşgabat» futbol toparydyr. Bu baradaky netije «B» toparyndaky jemleýji duşuşyklardan soň mälim boldy.

Toparyň ilkinji duşuşygynda, eýýäm öňünden ýarym finala çykmagy başaran «Arkadag» topary «Merw» toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi we 9 utuk bilen ýaryş tertibiniň birinji basgançagynda orun aldy. Ýeňiji topardan gollary Begenç Akmämmedow (18-nji minut), Daýanç Meredow (57-nji minut) we Resul Hojaýew (68-nji minut) öz adyna ýazdyrdy.

Ýarym final ýaryşyna iň soňky ýollanma ugrundaky başga bir duşuşykda «Aşgabat» topary Didar Didarowyň 55-nji minutda geçiren takyk urgusy netijesinde Türkmenistanyň 20 ýaşyna çenli ýaşlar ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdi we 6 utuk toplap, ikinji orny eýeledi.

Ýatladyp geçsek, «A» toparyndan ýarym finala birinji orundan «Şagadam» (7 utuk) we ikinji orundan «Ahal» (4 utuk) toparlary çykypdy.

Şeýlelikde, ilkinji ýarym finalda «Şagadam» bilen «Aşgabat», ikinji ýarym finalda bolsa «Arkadag» bilen «Ahal» toparlary duşuşarlar.

Ýarym finalyň ýeňijileri 12-nji martda finalda baş baýrak ugrunda bäsleşerler. Şol gün ýeňilen toparlar bolsa 3-nji orun ugrundaky duşuşykda bürünç medalyň eýesini kesgitlärler.

2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynyň ähli duşuşyklary «Aşgabat» köpugurly stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirilýär.