Ï Türkmenistanyň Ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

view-icon 109
Türkmenistanyň Ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

2026-njy ýylyň 9-njy martynda Lissabon şäherindäki Respublika Assambleýasynyň binasynda Portugaliýa Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Antoniu Žoze Seguronyň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Dabaraly çärelere Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Pariž ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Çaryýew gatnaşdy.

Wezipä girişmek mynasybetli dabara Portugaliýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň, hökümet agzalarynyň, parlament deputatlarynyň, şeýle hem ýokary derejeli daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Respublika Assambleýasynyň mejlisler zalynda geçirildi.

Şol günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Ilçisi Ažuda Milli köşgünde geçirilen resmi kabul edişlige gatnaşdy we onuň dowamynda täze döwlet Baştutany hem-de Portugaliýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşmak mümkinçiligine eýe boldy.

Gysga söhbetdeşligiň dowamynda Ilçi M.Çaryýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Antoniu Žoze Segurony prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlap, ýokary döwlet wezipesine girişmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Öz gezeginde Portugaliýanyň Prezidenti bildirilen goldaw sözlerini hoşallyk bilen kabul edip, geljekde Türkmenistana sapary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.