Ï Türkmenistanyň wekilleri «Creative Central Asia 2026» sebit forumyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekilleri «Creative Central Asia 2026» sebit forumyna gatnaşdylar

view-icon 140
Türkmenistanyň wekilleri «Creative Central Asia 2026» sebit forumyna gatnaşdylar

28-nji fewral – 2-nji mart aralygynda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Beýik Britaniýadan bolan hünärmenleri birleşdiren «Creative Central Asia 2026» sebit forumy geçirildi. Çäräniň esasy maksady şäherleri ösdürmegiň we adam maýasyny berkitmegiň strategik guraly hökmünde döredijilik pudaklary ilerletmekden ybarat boldy.

Forumyň maksatnamasy dersara hyzmatdaşlyga we innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirildi. Gatnaşyjylar emeli aňyň tutýan ornuny, maýa goýumlaryny çekmegiň gurallaryny we täze şäher düzümini kemala getirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bilime, gymmatlyklar ykdysadyýetine we geljegiň başarnyklaryna aýratyn üns berildi. Forumyň çäklerinde panel ara alyp maslahatlaşmalar, «Şäherleriň reýtingi» atly hakatonyň netijeleriniň tanyşdyrylyşy hem-de işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin hünär sessiýalary guraldy.

Forumda Türkmenistana ýurdumyzyň tehnologik we döredijilik ulgamyny ösdürmäge işjeň gatnaşýan ýaş hünärmenler wekilçilik etdi. Wekiliýetiň düzüminde çagalar üçin «Jam Creative» ylmy teatrynyň esaslandyryjysy Wasiliý Andronow hem bar. Ol mundan ozal Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky bilen hyzmatdaşlykda guralan «StartUp Academy» işewürlik-inkubasiýasynyň on ikinji tapgyrynyň baýrakçysy bolupdy.

Wasiliý Andronowyň aýtmagyna görä, bu sapar goňşy döwletleriň tejribesini jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berdi we Türkmenistanyň şu günki günde sebitdäki işlere doly hukukly we başlangyçly gatnaşyjy hökmünde çykyş edýändigini tassyklady.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň ýazynda Aşgabatda hem «Türkmenistanyň döredijilik we innowasiýa ykdysadyýeti» atly halkara forum geçirildi. Bu bolsa bu ulgamyň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Şol forum biziň ýurdumyzda IT we dizaýndan başlap, sungat hem-de binagärlige çenli dürli ugurlarda özboluşly pikirleri teklip etmäge we durmuşa geçirmäge ukyply köp sanly döredijilikli we zehinli adamlaryň bardygyny aýdyň görkezdi.

Şu günki günde döredijilikli ykdysadyýet öz intellektual ukyplaryny we zehinlerini maddy gymmatlyga öwürýänler üçin meýdança öwrülýär. Bu ulgamda innowasiýalar medeni miras bilen utgaşyp, ýaşlaryň hünär taýdan özüni kämilleşdirmegi we şäherleriň döwrebap keşbini kemala getirmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

2017-nji ýylda «British Council» (Britaniýa Geňeşi) tarapyndan badalga berlen «Creative Central Asia» başlangyjy gepleşikler üçin esasy meýdança bolmagynda galýar. Ol sebitiň döredijilik pudaklarynyň wekilleri bilen halkara bilermenleriniň arasynda köprüleri gurmaga ýardam edip, türkmen hünärmenleriniň dünýä döredijilik jemgyýetine goşulyşmagyna ýardam edýär.