Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

view-icon 126

Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!

Sizi musulman dünýäsinde iň mukaddes hem-de ynsanperwerligiň we adamkärçiligiň belent däplerini dabaralandyrýan Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň uly ösüşlere, üstünliklere beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu mübärek gijäniň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alnyp, eziz Watanymyza bolan söýgimizi, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da dabaralandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly watandaşlar!

Türkmen halkynyň şöhratly ýolunda kemala gelen hem-de watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, döwletlilik, ahlaklylyk, halallyk, dost-doganlyk, pespällik, sahylyk, päklik, asyllylyk, dogruçyllyk, ýagşylyk ýaly gymmatlyklar biziň milli bitewüligimiziň, ruhy dünýämiziň sarsmaz sütünleridir. Köpasyrlyk taryhy tejribä, ruhy we ahlak köklere daýanýan, täze döwrümiziň binýatlaýyn taglymatlaryna öwrülen bu gymmatlyklar mukaddes Oraza aýynda hem-de keremli Gadyr gijesinde has-da rowaçlanyp, agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyrýar. Şoňa görä-de, türkmen halky Gadyr gijesine mukaddesligiň, bereketliligiň we sahawatlylygyň gijesi hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Oraza aýynda, aýratyn-da, Gadyr gijesiniň hormatyna öten-geçenler ýagşylykda ýatlanyp, agzaçar sadakalary berilýär. Birek-birege hoş sözler aýdylyp, tarawa namazlary okalýar. Dünýäde abraýy barha belende galýan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy, halkymyzyň abadançylygy, her bir maşgala ojagynyň bagtyýarlygy üçin doga-dilegler edilýär.

Sahawatly Gadyr gijesiniň dessurlarynda ynsana hormat goýmak, rehimdarlyk, adalatlylyk, hoşniýetlilik ýaly garaýyşlar hem jemlenendir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda pederlerimiziň rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, jemgyýetimiziň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle-de mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçýäris. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň müňýyllyklardan gözbaş alýan haýyr-sahawatlylygymyzyň, belent ynsanperwerligimiziň, watansöýüjilik duýgularymyzyň we milli buýsanjymyzyň aýdyň ýüze çykmasydyr.

Hormatly adamlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýarys. Üstünlikli amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen baglylykda, dünýä döwletleri bilen halklaryň medeniýetlerine we gymmatlyklaryna hormat goýmak, dostluk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dabaralandyrýarys. Milli durmuş mekdebimiziň hem-de tejribämiziň özeni bolan baý mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy, ynanç-ygtykatlarymyzy halkara derejede wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň gerimini yzygiderli giňeldýäris.

Biziň syýasatymyz jemgyýetimiziň milli gymmatlyklarymyz esasynda kämilleşdirilmegine, parahatçylyk söýüjilik, dostluk taglymatlarymyzyň dabaralandyrylmagyna, adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek ugrundaky ählumumy wezipeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir. Dostlugyň we hoşniýetliligiň beýik ýörelgeleri hem-de taglymlary arkaly halklary ýakynlaşdyrmak, dünýä ýurtlary bilen dostluk, hyzmatdaşlyk köprülerini gurmak, eziz Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna goşant goşmak biziň her birimiz üçin uly mertebedir.

Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!

Sizi mukaddes Gadyr gijesi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Oraza aýynyň sahawatly günlerinde hem-de Gadyr gijesinde amal edýän tagat-ybadatlaryňyz, berýän agzaçar sadakalaryňyz, Garaşsyz Diýarymyzyň berkararlygy, rowaçlygy, milli agzybirligimiz, rysgal-berekedimiz üçin edýän doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.