Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň dünýäniň deňiz gatnawlary bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak meseleleri wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynyň esasy mowzugy boldy.
Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri Halkara Deňiz Guramasynyň (HDG) agzasy bolup, eýýäm 14 sany halkara konwensiýasyna goşuldy. Indi bolsa ýurdumyz ählumumy ulag ulgamyna integrasiýa bolmakda nobatdaky ädimi ädýär.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy ulgamynda öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen birnäçe teklipler beýan edildi. Hususan-da, HDG-niň täze resminamalaryna goşulmak boýunça işleri utgaşdyrmak üçin düzümine degişli ministrlikleriň wekilleri girjek iş toparyny döretmek meýilleşdirilýär.
Halkara deňiz gämi gatnawyny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýa goşulmak ileri tutulýan wezipeleriň biri bolar, bu bolsa portlardaky amallary ýönekeýleşdirmäge we ýük dolanyşygyny çaltlandyrmaga ýardam eder. Şeýle-de HDG-niň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlaryny guramak, birnäçe amaly maslahatlary we okuw maslahatlaryny geçirmek teklip edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullady we wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.