Ï Türkmenistan mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Eýranyň çagalaryna ynsanperwer kömegini iberdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Eýranyň çagalaryna ynsanperwer kömegini iberdi

view-icon 92
Türkmenistan mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Eýranyň çagalaryna ynsanperwer kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwerlik ýüküni ibermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. Bu çäre mukaddes Oraza aýy hem-de Gadyr gijesi mynasybetli amala aşyrylýar.

Ynsanperwer kömegi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan iberilýär. Bu hoşniýetli erk-islegiň nyşany, ilkinji nobatda, goňşy ýurduň ösüp gelýän ýaş nesline gönükdirilendir we dostluk hem-de hoşniýetli goňşulyk ýörelgeleriniň üýtgewsizdiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ynsanperwerlik ýüküniň düzümini derman serişdeleriniň giň sanawy, lukmançylyk maksatly serişdeler we çagalaryň saglygyny hem-de abadançylygyny goldamak üçin zerur bolan beýleki önümler düzýär.

Resminamada bu çäräniň doganlyk we goňşy halklara elini uzatmaga elmydama taýýar bolan türkmen halkynyň asylly däplerine esaslanýandygy hem-de Türkmenistanyň ynsanperwerlik ideallaryna ygrarlydygynyň nyşanydygy aýratyn bellenilýär.