Ï «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde tennis boýunça ussatlyk sapagy geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde tennis boýunça ussatlyk sapagy geçiriler

view-icon 135
«Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde tennis boýunça ussatlyk sapagy geçiriler

20-nji martda «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan uly tennis boýunça açyk ussatlyk sapagy geçiriler. Çäre sagat 19:00-dan 22:00-a çenli dowam edip, tennis sportuny wagyz etmek, köpçülikleýin sporty ösdürmek hem-de ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürmek maksady bilen guralýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga hem-de raýatlaryň saglygyny berkitmäge uly üns berilýär. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ilatyň sport işjeňligine bolan gyzyklanmasynyň artmagyna we ýaşlaryň yzygiderli sport bilen meşgullanmagyna ýardam edýär.

Maksatnamanyñ çäklerinde aşakdakylar göz öňünde tutulýar:

– alty oýunçynyň gatnaşmagynda görkezme duşuşygy;

– tennis oýnunyň esasy tehniki usullarynyň görkezilmegi;

– hünärmen tälimçiniň ýolbaşçylygynda ussatlyk sapagy;

– söwda merkezine gelen myhmanlaryň tennis oýnap görmek mümkinçiligi.

Çäräni geçirmek üçin göçme tennis torunyň oturdylmagy, şeýle hem zerur sport enjamlarynyň – tennis raketkalarynyň, toplaryň we türgenleşik serişdeleriniň ulanylmagy göz öňünde tutulýar.

Ussatlyk sapagynyň geçirilmegi söwda merkezine gelýänleriň ünsüni tennis sportuna çekmäge, olimpiadanyň dünýäde giňden ýaýran bu sport görnüşini wagyz etmäge hem-de myhmanlara ýatdan çykmajak sport çäresini sowgat etmäge mümkinçilik berer.