Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary başlandy

view-icon 173

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen HHR-e ugrady.

Gahryman Arkadagymyz Hytaýa ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip, bu ýerde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri soňky ýyllarda Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny belledi. Parlamentara hyzmatdaşlyk, syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Bu ugurda özara saparlar yzygiderli guralýar. Munuň özi hyzmatdaşlygy many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Hormatly Arkadagymyz ýakynda geçirilen Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň mejlisinde Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlaryň kabul edilendigine ünsi çekip, olaryň Türkmenistanyň “Ösüş arkaly parahatçylyk”, “Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyçlary bilen many-mazmun taýdan gabat gelýändigini belledi. Şeýle hem bu ählumumy başlangyçlar ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we milli medeni mirasymyzy dünýäde giňden ýaýmak boýunça tagallalary bilen utgaşýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady. Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň müňlerçesiniň bilim almagy bu ugurdaky gatnaşyklaryň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylyň awgustynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda Sun Sinlin adyndaky gaznanyň hem-de dostlukly ýurduň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilendigini, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky Ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklar boýunça ýaşlar merkezine barlyp görlendigini aýtdy. “Bu sapar ýurtlarymyzyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde we çagalaryň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen tagallalary birleşdirmekde möhüm ädime öwrüldi” diýip, Milli Liderimiz sözüni jemledi.

Bu gün türkmen-hytaý gatnaşyklary özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga, çuňňur ykdysady integrasiýa esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar. Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri ýurtlarymyz dürli ulgamlary, şol sanda energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar, ynsanperwer ugurlary öz içine alýan hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny kemala getirdiler. Hytaý Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini yzygiderli goldap, oňa sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde garaýar. Halkara giňişlikde ýurtlarymyz BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň, “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrýarlar. Taraplar ähli gapma-garşylyklaryň parahatçylykly ýollar arkaly çözülmegi ugrunda çykyş edip, dünýä gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini görkezýärler. Halkara düzümleriň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlarynyň yzygiderli goldanylmagy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky çuňňur syýasy ynamy tassyklaýar.

Energetika hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy binýady bolup durýar. Häzirki döwrüň ägirt uly inženerçilik desgasy bolan Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi dostlukly ýurda ekologik taýdan arassa ýangyjyň durnukly eksportyny üpjün edýär. Bu taslama diňe bir Hytaýyň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň çäklerinde ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem ösüş depgini bilen tapawutlanýar. Hytaý ýurdumyzyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Dokma senagaty, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Türkmen telekeçileri Hytaýda geçirilýän iri sergilere yzygiderli gatnaşyp, özleri üçin hytaý bazaryny açýarlar.

Ýokary tehnologiýalar, sanly özgertmeler özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna öwrüldi. Hytaýyň iri tehnologiýa kompaniýalary Diýarymyzda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Bu hyzmatdaşlyk “akylly” şäherleri dolandyrmak ulgamyna, senagat önümçiligine innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga ýardam berýär.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmak üçin berk binýady döredýär. Saglygy goraýyş, ekologiýa boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly bilelikdäki taslamalar iki ýurduň hem geljek nesilleriniň abadan durmuşyny üpjün etmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär. Geljege nazar aýlamak bilen, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyny ynam bilen aýtmak bolar. Wagtyň synagyndan geçen bu gatnaşyklar Merkezi Aziýada durnuklylygyň wajyp şerti we umumy abadançylygyň bähbidine iki döwletiň netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň nusgasy bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça amala aşyrýan şu gezekki dostlukly sapary gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim bolar.

...Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe sagatdan soňra, Pekiniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Şoudu” Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini HHR-iň we ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary dowam edýär.