Ï Ýurdumyzda telekeçilik işiniň amatly ösmegi üçin oňaýly gurşaw döredilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda telekeçilik işiniň amatly ösmegi üçin oňaýly gurşaw döredilýär

view-icon 1126

Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forum geçirilýär. Oňa Diýarymyzyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary, işewürligiň wekilleri we iri daşary ýurtly kompaniýalar gatnaşýarlar.

Forumda Türkmenistanyň Мaliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwletimiziň durnukly we yzygiderli ykdysady ösüşini üpjün etmäge hem-de raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ynamly durmuş-ykdysady ösüşi amala aşyrýandygyny çykyşynda aýratyn nygtady.

«Maýa goýum syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hem täze tehnologiýalary we önümçilikleri, döwrebap enjamlary ornaşdyrmaga, ýagny esasy maýa göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, olary innowasiýalara, ýokary goşulan gymmaty bolan önümçiligi, adam maýasyny ösdürmäge we ýurduň ekologiýa we durmuş-ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmäge niýetlenen ugurlara ileri tutup gönükdirmek bolup durýar» diýip M.Astanagulow belledi.

Şeýle hem biziň ýurdumyzyň telekeçilik işiniň amatly ösmegi, şol sanda onuň bazar işini, telekeçiligi höweslendirmegiň hasabyna ösdürilmegi üçin şertleri üpjün etjek bäsleşikli işewürlik we maýa goýum gurşawyny döretmek isleýändigini belläp geçdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda jemgyýeti ösdürmegiň senagat-innowasion modelini emele getirmäge, ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmäge we onuň esasy pudaklarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga gönükdirilen ugur dowam etdirilýär.