Ï Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygy

view-icon 58

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa dostluk saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň geçirilýän ýerinde türkmen halkynyň Milli Liderini HHR-iň Başlygy mähirli garşylady. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Si Szinpin belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi hem-de Hytaýda şu gezekki sapara ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany hökmünde garalýandygyny belledi. Ol pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Başlyk Si Szinpin Gahryman Arkadagymyzy hem-de döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen gutlap, şu gün Hytaý Täze ýylynyň soňky gününiň bellenilýändigini we bu iki baýramyň gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, şu gezekki duşuşyga ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň, hyzmatdaşlygyň, özara hormat goýmagyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň iberen salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalaryň, “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrýarlar. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylyp, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Ol daşary syýasat, ykdysadyýet, söwda, medeniýet, ylym, bilim ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle hem soňky ýyllarda syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar we parlamentara dialog giňeldilýär.

“Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň durnukly we ygtybarly ulgamy döredildi. Bu gatnaşyklar wagtyň synagyndan geçip, öz netijeliligini hem-de türkmen we hytaý halklarynyň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýändigini görkezdi” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň we Hytaýyň halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, häzirki wagtda taraplaryň yzygiderli tagallalary netijesinde munuň üçin ähli zerur şertleriň döredilendigine ünsi çekdi.

Öz gezeginde, Si Szinpin Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini belläp, Hytaýyň bu teklipleri yzygiderli goldajakdygyny tassyklady.

“Özara hyzmatdaşlyk iki döwletiň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistan hem-de Hytaý döredijiligiň, hyzmatdaşlygyň ýoly bilen öňe barýarlar we bilelikde uly netijeleri gazanýarlar” diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Si Szinpini we ähli hytaý halkyny Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň mejlisleriniň üstünlikli geçirilmegi hem-de bu ýokary syýasy forumlarda möhüm çözgütleriň kabul edilmegi bilen gutlady.

HHR-iň Başlygy gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, Hytaý üçin Türkmenistanyň Merkezi Aziýada iň ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny, Hytaýda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berilýändigini hem-de goldanylýandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iň ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan gatnaşyklar uly mümkinçilikleri açyp, syýasy-diplomatik ulgamda ýakyn hyzmatdaşlyk üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek babatda goşmaça amatly şertleri üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň HHR-iň BMG-niň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygyny we mundan beýläk-de goldajakdygyny tassyklady.

Milli Liderimiz Hytaýyň öňe sürýän Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. “Bularyň ählisi Türkmenistanyň “Ösüş arkaly parahatçylyk”, “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýaly halkara başlangyçlarynyň maksatlaryna hem-de filosofiýasyna, ýurdumyzyň dünýä syýasatynda ynanyşmak we deňhukukly özara hormat goýmak dialogy ýörelgelerini berkarar etmek boýunça strategik ugruna laýyk gelýär” diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.

Ýangyç-energetika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň wajyp ähmiýetini belledi. Şunda gaz pudagynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gazanylan oňyn tejribesini nazara almak bilen, ýurdumyzyň iň iri gaz käninde mundan beýläk-de bilelikde iş alyp barmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň çäklerinde ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, şunda ylym we bilim ulgamlarynyň möhüm orny bellenildi. Milli Liderimiz türkmen ýaşlaryna Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga döredilýän mümkinçilikler üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Öz gezeginde, Si Szinpin ylym, bilim we beýleki durmuş ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy hem-de ýakyn wagtda Türkmenistanda “Lu Ban ussahanalaryny” hem-de Adaty hytaý lukmançylyk merkezini açmak boýunça taslamalaryň amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi. HHR-iň Başlygy Hytaýyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, intellektual eýeçilik we atçylyk ugurlarynda tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklady. Şeýle-de ol Türkmenistanyň oba hojalyk önümleriniň ýokary ekologik derejesi bilen tapawutlanýandygyny belläp, Hytaýyň oba hojalyk pudagynda, hususan-da, ýokary öndürijilikli tehnikalary ibermek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” energetikany ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge iberen çakylyk hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin köklerini gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

***

Duşuşykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz we HHR-iň Başlygy dostlukly gezelenç etdiler. Munuň özi Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň aýdyň beýanydyr. Soňra özara sowgat alyşmak dabarasy boldy. Milli Liderimiziň hormatly Prezidentimiziň adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ahalteke bedewini sowgat bermegi dostlukly halklaryň gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini görkezýän ajaýyp waka öwrüldi.

Si Szinpin ajaýyp sowgady hoşallyk bilen kabul edip, Hytaýda ahalteke bedewlerine uly hormat goýulýandygyny belledi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Başlygy Türkmenistanyň meşhur ahalteke bedewleriniň watanydygyny, mundan bir müçe öň, ýagny 12 ýyl ozal hem özüne Gahryman atly ahalteke bedewiniň sowgat berlendigini aýtdy.

HHR-iň Başlygy türkmen halkynyň «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar» diýen parasatly sözlerini mysal getirip, hormatly Prezidentimiziň adyndan Gadyrly atly bedewiň sowgat berilmeginiň diňe bir özi üçin däl-de, eýsem, tutuş hytaý halky üçin hem uly hormatdygyny belledi we ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.

Taryhdan belli bolşy ýaly, Hytaý imperatory U Diniň ilçisi Çžan Sýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Parfiýa döwletine iberilmegi türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky aýratyn gatnaşyklaryň aýdyň mysallarynyň biri bolup durýar. Bedew at diplomatik sowgatlaryň hatarynda iň gymmatlysy hasaplanypdyr. Türkmen we hytaý halklarynyň taryhy berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda bilelikde geçilen ýoluň iň asylly däpleri Türkmenistan we Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklara üstünlikli ornaşdyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary dowam edýär.