Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

view-icon 162

Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan we milli binagärligiň ajaýyp nusgasyny özünde jemleýän täze şäherde ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Halkara Nowruz gününiň giňden bellenilýän pursatlarynda ählihalk bag ekmek dabarasyna Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy bu ýerde geçirilen umumymilli çäräniň derejesini we ähmiýetini belende göterdi.

Häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň çar künjeklerinde, oba-şäherlerinde giň möçberli tokaý zolaklary, döwrebap seýilgähler döredilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli ýerleri bagy-bossanlyga bürenýär.

Şu gün ir bilen Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Bu waka “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň Milli bahar baýramynyň bellenilýän günleriniň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.

Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky hem-de güýzki möwsümleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň tebigy serişdelerine aýawly çemeleşmek we ýakymly howa gurşawyny döretmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär.

Taryhy ähmiýeti bolan dabara gatnaşýan oglanjyk ajaýyp goşgy setirleriniň üsti bilen Gahryman Arkadagymyzdan şu günki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş etdi.

Gahryman Arkadagymyz bag nahalyny oturdyp, sogap işe badalga berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly işe körpe nesil bilen bilelikde badalga bermegi ýurdumyzda peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň rowaç alýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu görnüşler mähriban Watanymyzda pederleriň rowaç ýollarynyň bagtyýar nesiller tarapyndan dowam etdirilmegi ugrunda edilýän tagallanyň oňyn netije berýändiginiň nobatdaky nyşanydyr.

Gahryman Arkadagymyz asylly işe baş goşýandygy üçin minnetdarlygyň nyşany hökmünde sowgat gowşurdy.

Oglanjyk Gahryman Arkadagymyzdan özi bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdi.

Gahryman Arkadagymyz oglanjygyň haýyşyny kanagatlandyryp, onuň bilen ýadygärlik surata düşdi we körpe nesilleriň alýan bilimi, oglanjygyň höwes edýän ugry bilen gyzyklandy.

Oglanjyk öz okuwyndan daşary çeper döredijilik bilen meşgullanmaga, sanly ulgamyň täzeçil usullaryny özleşdirmäge höwes edýändigi barada gürrüň berdi.

Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, agzybirlikde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtdylar.

Häzirki döwürde ýurdymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde güneşli Diýarymyzyň ekologiýa ýagdaýy häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Şeýle hem bu ýerde Gahryman Arkadagymyza Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, şäheriň çäklerinde degişli ekologiýa derejesini saklamak hem-de şäheriň ähli çäklerinde arassaçylygy üpjün etmek boýunça edilýän giň möçberli tagallalar barada maglumatlar berildi.