Ï Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

view-icon 136

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge hem-de ony täze derejä çykarmaga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, rowaçlyk, Pakistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.