Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Gruziýanyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size çuňňur hormat goýýandygymy beýan etmäge hem-de Gruziýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary bilelikdäki tagallalarymyz bilen mundan beýläk-de has-da pugtalandyrmaga taýýardygymyzy ynandyrmaga rugsat ediň!
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Irakliý Kobahidze,
Gruziýanyň Premýer-ministri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Size Oraza baýramy we Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Bu ajaýyp baýramlar tebigatyň täzelenişini alamatlandyryp, adamlara özara düşünişmegiň, hoşniýetliligiň möhümdigini ýatladýar.
Russiýany we Türkmenistany dostluk hem-de strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin hökümetara dialogy işjeňleşdirmäge taýýardygymyzy tassyklaýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!
Mihail Mişustin,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.