Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergide tanymal haryt nyşanlar bilen bir hatarda dokma senagatyna täze gelenler hem öz ýeten derejelerini görkezdiler. Olaryň arasynda tebigy pagtadan öndürilen döwrebap jins önümlerini we böleklerini öndüriji «Ayna denim» kompaniýasy hem bar.
Täzeligine garamazdan, kompaniýanyň eýýäm ösen infrastrukturasy bar, onuň Stambulda bölümleri, Aşgabatda bolsa 2023-nji ýylda işe girizilen döwrebap önümçilik toplumy işleýär.
Kompaniýa ýokardan aşaklygyna ulgamlanmak bilen, doly önümçilik ugry boýunça işleýär. Bu bolsa geýim öndürmegiň her bir ädimini – ilkinji biçüw ýörelgesinden we nusga işläp düzmekden başlap, tikin işlerine we öz kir ýuwýan jaýlarynda gutarnykly işlemäge çenli gözegçilige mümkinçilik berýär. Prototipleri taýýarlamak we gerekli enjamlary saýlap almak üçin hususy ýerligiň bolmagy müşderiler bilen işlemekde ýokary çeýeligi üpjün edýär we halkara hil ülňülerine laýyklygy kepillendirýär.

«Biziň fabrigimiz Aşgabatda ýerleşýär we ýokary hilli çig mal ulanýar, bu bolsa jins jalbarlarymyzyň köp gezek ýuwlandan soň hem, öz reňkini we görnüşini saklamagyny üpjün edýär» diýip, «Ayna denim» kompaniýasynyň wekili Ýara Miraliýewna belledi.
– Biz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine ilkinji gezek gatnaşýarys. Paýtagtda eýýäm iki dükanymyz bar – biri «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezinde, ikinjisi bolsa Gurtly ýaşaýyş toplumynda. Bu ýerde biz önümleri elýeterli bahadan hödürleýäris. Mundan başga-da fabrik ýörite sargytlary-da kabul edýär. Müňden gowrak sargyt üçin hünärmenlerimiz müşderiniň talaplaryna laýyklykda, ýörite biçüw işläp düzmäge-de taýýar. Häzirki wagtda eksportymyzy işjeň ösdürýäris. Esasy eksport ugrumyz Russiýadyr, ýakynda bolsa Polşa ilkinji haryt tapgyrymyzy iberdik.
«Ayna denim» durnukly ösüş meselelerine uly üns berýär. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we önümçilikde ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagy daşky gurşawa ýaramaz täsirimizi azaltmaga kömek edýär. Kompaniýanyň sergä gatnaşmagy Türkmenistanyň hususy pudagynyň mümkinçiliklerini görkezýär we ýurdumyzyň sebitiň dokma senagatynda öňdebaryjy hem ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ösdürmekdäki ähmiýetini nygtaýar.